logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /“Gülüň owadan” bäsleşigiň etrap tapgyry geçirildi.
  10.07.2023
1018
“Gülüň owadan” bäsleşigiň etrap tapgyry geçirildi.

     Kaka etrabynyň Medeniýet öýünde «Gülüň owadan» atly bäsleşigiň etrap tapgyry geçirildi. Çeper elli, zähmetsöýer zenanlaryň arasynda yglan edilen bäsleşigiň bu tapgyry Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň etrap bölümi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesi hem-de etrap medeniýet bölümi tarapyndan bilelikde guraldy. Bäsleşik şertleriň birnäçesinden ybarat boldy. Çeper elli zenanlar şol şertlere laýyklykda türkmen milli keçesini taýýarlamak bilen baglanyşykly işleri ýerine ýetirmekde, gadymy nagyşlary keçä salmakda, keçe bilen baglanyşykly rowaýatlary, gazallary, aýdyşyklary aýtmakda başarnygyny görkezdiler. Gyzykly we täsirli geçen bäsleşikde Maýagözel Nuryýewa birinji, Akjagül Möjekowa ikinji, Owadan Muhyýewa üçünji orna mynasyp boldy. Bäsleşigiň ýeňijilerine hem-de oňa gatnaşanlaryň ählisine Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Kaka etrap birleşmesiniň gymmat bahaly sowgatlary gowşuryldy.

 

Türkmenistanyň Kärdeşler
arkalaşyklarynyň Kaka etrap
birleşmesiniň esasy hünärmeni: Akmuhammet Magtymgulyýew