logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Agriculture /Günbatar sebitiň daýhanlary ýeralma göwnejaý ideg edýärler
  19.05.2023
710
Günbatar sebitiň daýhanlary ýeralma göwnejaý ideg edýärler

Balkanly babadaýhanlar şu ýylyň baharynda 1600 gektar ýerde esasy azyklyk önümleriň biri bolan ýeralmanyň ekişini öz wagtynda guramaçylykly geçirdiler. Häzirki wagtda Günbatar sebitiň ekin dolanyşygyndaky ýerlerde oňat gögeriş alnan ýazlyk ýeralma ideg etmek, ösüş suwuny tutmak işleri göwnejaý alnyp barylýar. Bu möhüm işler bilen birlikde hasyllylygy ýokarlandyrmak üçin goşmaça mineral we mikrodökünler bilen iýmitlendirmek çäreleri hem degişli agrotehniki möhletlere laýyk amala aşyrylýar.

Möwsümleýin çäreleriň ählisem gadymdan gelýän milli ekerançylyk ýörelgeleri hem-de ösen häzirki zaman öňdebaryjy tejribeler, döwrebap tehnologiýalar esasynda kämil ýola goýulýar.

Häzirki wagtda üstünlikli dowam edýän ýeralmanyň hatarara bejergi işlerinde Balkan welaýat oba hojalyk önümçilik birleşiginiň ýerlerdäki tehniki hyzmat ediş kärhanalarynyň mehanizatorlary has-da göreldeli zähmet çekýärler. Bu işde olara birleşigiň etraplardaky ussahanalarynda möwsüme irki möhletlerde deslapdan taýýarlanyp goýlan ätiýaçlyk serişdeleri uly ýardam berýär. 

 

«Türkmenistan: Altyn asyr»