logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / In the world /Gündogar Afrikada guraklyk 36,1 million adama täsir etdi
  05.11.2022
1304
Gündogar Afrikada guraklyk 36,1 million adama täsir etdi

Afrikanyň Somali, Efiopiýa we Keniýa ýaly ýurtlary uly gurakçylyk bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Soňky 2 ýarym ýylda gaty az ýagyş ýagan 3 ýurtda millionlarça adam durmuşyny kyn şertlerde dowam etdirýär. Sebitde 21 million adam azyk önümleriniň ýetmezçilik etmegi sebäpli uly kynçylyk çekýär.

Sebitdäki gurakçylyk sebäpli 4,9 million çaga ýeterlik iýmitlenmeýär. 16,3 million adam bolsa arassa suw içmekden mahrum. Berlen soňky hasabata görä, guraklyk sebäpli 8,9 million haýwanyň ölendigi bellenilýär. Kyn ýagdaýlar sebäpli, 2 milliona golaý adam öz dogduk mekanyny terk edip ýurduň dürli sebitlerine göçdi.