Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ II Halkara matematika olimpiadasy dowam edýär ✦ ✦ ÝHHG-niň 50 ýyllygyna hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli forum ✦ ✦ Türkmenistan Kazanda geçiriljek “KazanForum” we “Halal Expo 2025”- e gatnaşar ✦ ✦ Ýurdumyzda II Halkara matematika olimpiadasy başlandy ✦ ✦ «AtaMekan» Terjime Merkezi: Mekdep okuwçylary we talyplar üçin ýeňillikler! ✦ ✦ "Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi" bäsleşiginiň ikinji tapgyry geçirildi ✦ ✦ Katolik dünýäsiniň ruhy lideri aradan çykdy ✦ ✦ Paýtagtymyzda sportuň milli we alyş göreşi boýunça halkara ýaryş geçiriler ✦ ✦ Türkmenistan “TEIF 2025” forumynda maýa goýum mümkinçiliklerini tanyşdyrar ✦ ✦ Kiýewde Magtymguly muzeýiniň 50 ýyllygy dabaraly ýagdaýda bellenildi ✦
Baş sahypa / Gyzykly /Gündogaryň meşhur akyldary we lukmany
  09.04.2024
313
Gündogaryň meşhur akyldary we lukmany

«Keseli däl-de, hassany bejermeli», «Tebigat saglyga goldaw berýär, lukman bolsa bejerýär», «Keseli bejerenden onuň öňüni alanyň aňsat», «Şahyr — diliň emiri, lukman — bedeniň hökümdary» ýaly paýhas dürdäneleriniň eýesi, ylmy dünýäde Awisenna ady bilen belli bolan Abu Aly Hüseýin ibn Abdylla ibn Aly ibn Hasan ibn Sina 980-nji ýylyň 16-njy awgustynda Buharanyň golaýynda ýerleşen Afşina obasynda dünýä inýär. 

 

Geljekki lukman, fizik, filosof, matematik, astronom, alhimik, sazanda... Ibn Sina alty ýaşyndaka maşgalasy Buhara göçüp barýar. Ol on ýaşynda eýýäm Gurhany ýatdan bilipdir, arap, pars dilleriniň grammatikasyny, stilistikasyny, logikany, hukugy, lukmançylyk ylmyny, filosofiýany ürç edip okapdyr.

 

Ömrüniň dowamynda ussadyň dünýä galdyryp giden eserleriniň sany 450-den hem köp bolup, olardan 240-sy biziň döwrümize gelip ýetipdir. Şolaryň 150-si filosofiýa, 40-sy lukmançylyk, 50-si beýleki ylymlara degişli eserlerdir. Onuň «Lukmançylyk ylmynyň kanunlary», «Kitab al-Kanun fi-t-tibb», «Şypalar kitaby» («Kitab aş-Şifa») ýaly kitaplary häzirki zaman lukmançylygynda-da ähmiýetini ýitirenok. «Şypalar kitaby» logika, fizika, biologiýa, psihologiýa, geometriýa, arifmetika, saz, astronomiýa we metafizika ylymlarynyň özboluşly ensiklopediýasydyr. Ussadyň «Ylymlar kitaby» («Danyş nama») hem ylym dünýäsinde ensiklopediýa hökmünde ulanylýar.

 

Ömrüniň ahyrky ýyllarynda Abu Aly ibn Sina gyjak ýasamaklyga höwes edipdir. Onuň ýasan şirin dilli saz guraly köpleriň gamgyn göwnüni şat edipdir. Ol sazyň güýji bilen näsaglary bejermegi başarypdyr. Uzynly gün dyngysyz işläp, halys ysgyndan gaçansoň, eline gyjagyny alyp, göwnüňi rahatlandyryjy şirin sazlary çalypdyr. Gyjagyň jadylaýjy owazyna bagdaky bilbiller täsin saýraşypdyrlar. Alymyň bagynda dürli guşlar höwürtge ýasapdyrlar. Ibn Sina bagdaky ähli guşlara däne berip duransoň, olar alyma halys öwrenişipdirler. Ömrüniň soňky günlerinde alym Hemedanda ýaşapdyr. Lukman 57 ýaşynda aşgazan-içege keselinden ejir çekip, aradan çykypdyr.

 

Maral GANDYMOWA,

 

Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.