logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Health /Güne bir bulgur suw bilen başlamak peýdalymyka?
  20.03.2023
1274
Güne bir bulgur suw bilen başlamak peýdalymyka?

Her gün ir säher bilen bir bulgur arassa suw içmek köp adamlaryň durmuş ýörelgesi. Aslynda, bilermenler bu endigi ýola goýmak üçin azyndan üç hepde gerekdigini öňe sürýärler. Bu endik hakykatdan hem beden sagdynlygyny gazanmaga kömek edýärmikä?

Ilkinji nobatda suwuň beden üçin peýdalary barada näçe aýtsaň aýdyp oturmaly. Suw bedeniň her bir öýjüginde bolup geçýän reaksiýalar üçin zerurdyr, ol bedeniň ýylylygyny sazlamak, ýokumly maddalary daşamak üçin möhümdir. Suw bedenimizde geçýän gyjyndyrmalaryň we ýaglaryň möhüm düzüm bölegidir. Bedende suwuň azalmagy, dyz we bogunlar üçin, deri bilen bagly dürli sebäplere ýol açyp biler. Gündelik bedene suwuklygyň kabul edilmegi örän möhümdir.

Sagdyn durmuş ýörelgesiniň käbir tarapdarlary ir bilen ertirlik iýmezden öň suw içmegi maslahat berýärler. Bu ýagdaý metabolizmi işjeňleşdirmäge, iýmit siňdirişini gowulaşdyrmaga, agramy azaltmaga we bedene beýleki peýdalary getirmäge kömek edýär diýlip hasaplanylýar.

Bu hakykatdanam şeýle, ýagny irden nahardan öň suw içmek az iýmäge kömek edýär, sarp edilýän kaloriýanyň mukdaryny azaldýar, bu bolsa horlanmagy meýilleşdirýänler üçin diýseň peýdalydyr. Ylmy gözlegler, nahar iýmezden ozal bir bulgur suwuň aşgazanda dokluk duýgusyny döredip biljekdigini we işdäni azaldyp biljekdigini görkezdi.

Alymlar günde bir ýarym litr suwuň diňe bir az iýmäge kömek etmän, eýsem ýakylýan kaloriýa mukdaryny köpeltjekdigini hem hasapladylar, ýagny her 1,5 litr üçin günde 48 goşmaça kkal harçlanýar. Bu görkeziji bir ýylda 17,500 kaloriýa ýakyp boljakdygyny aňladýar, bu takmynan 2,5 kg deňdir. Käbir gözlegler buzly suwy içmekligiň ýakylýan kaloriýa mukdaryny 4,5% çenli ýokarlandyrýandygyny görkezdi.

Ir bilen suw içmek endiginiň ýene bir peýdasy bedendäki toksinleri aýyrmak we bedeni arassalamakdyr. Biologiki we ylmy taýdan suw böwrekleriň kadaly işlemegi we iýmit siňdiriş ulgamy üçin hem möhümdir. Bedende suwuklygyň bolmazlygy bu organlaryň näsaz işlemegine sebäp bolup biler.  

 

Sadokat ALLAKULIÝEWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.