logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Health /Guradylan erigiň peýdaly aýratynlyklary
  26.11.2022
1619
Guradylan erigiň peýdaly aýratynlyklary

Gündelik durmuşymyzda ulanylýan azyk önümleri özüniň ýokumlylygy, peýdaly aýratynlyklary bilen tapawutlanýar. Şeýle önümleriň arasynda guradylan miwedir ir-iýmişler hem saglyga ýaramlylygy bilen köptaraplaýyn peýdalanylýar. Guradylan miwedir ir-iýmişlerden üzüm, alma, garaly, erik ýaly görnüşler iýmitlik hökmünde ulanylýar. Şolaryň arasyndan guradylan erigiň peýdaly häsiýetleri dogrusynda durup geçeliň. 

Immuniteti ýokarlandyrýar. Guradylan erigi iýmeklik adam bedenine zeper ýetirip biläýjek keselleri ýaýradyjy mikrobedenjikleri, zyýanly bakteriýalary ýok etmäge ukyplylygyny üpjün edýär. 

Bedendäki agyryny aýyrýar. Guradylan erik bedende emele gelýän käbir agyrynyň gönüden-göni dermany hasaplanylýar. Olardan esasylary hökmünde kelle agyryny, iç agyrysyny aýyrmakda möhüm serişdedir. 

Gan basyşyny kadalaşdyrýar. Hünärmenleriň bellemegine görä, guradylan erigi iýmeklik gan basyşynyň ýokary galmagynyň öňüni alyp, ony kada görä sazlaýar. 

Dümewiň hem öňüni alýar. Ýygy-ýygydan dümew bilen keselleýän adamlara guradylan erigi ýa-da onuň goşulan suwuny içmekligi hünärmenler maslahat berýärler. 

Bedeni nemlendirmekde uly goşandy bar. Käbir adamlar bedeniniň guraklygyndan ejir çekýärler. Şeýle adamlara guradylan erigi ýygy-ýygydan ulanmaklyk maslahat berilýär. 

Witaminleriň işjeňligini gowulandyrýar. Özünde köp mukdarda A witamininiň barlygy sebäpli, guradylan erik bedende bar bolan witaminleriň, peýdaly elementleriň işjeňligini ýokarlandyrýar. 

Howply çiş keseliniň öňüni alýar. Guradylan erik howply çiş keseliniň emele gelmegini, onuň işjeňligini we bedene ýaýramagyny bökdeýär. Bu bolsa guradylan erigiň peýdaly aýratynlyklarynyň esasysy bolup çykyş edýär. 

 

Şemşat ŞYHMUHAMMEDOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.