Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Samarkantda medeni çäreler geçirildi ✦ ✦ Kiberhowpsuzlyk - maglumat goraglylygyň binýady ✦ ✦ II Halkara matematika olimpiadasy dowam edýär ✦ ✦ ÝHHG-niň 50 ýyllygyna hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli forum ✦ ✦ Türkmenistan Kazanda geçiriljek “KazanForum” we “Halal Expo 2025”- e gatnaşar ✦ ✦ Ýurdumyzda II Halkara matematika olimpiadasy başlandy ✦ ✦ «AtaMekan» Terjime Merkezi: Mekdep okuwçylary we talyplar üçin ýeňillikler! ✦ ✦ "Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi" bäsleşiginiň ikinji tapgyry geçirildi ✦ ✦ Katolik dünýäsiniň ruhy lideri aradan çykdy ✦ ✦ Paýtagtymyzda sportuň milli we alyş göreşi boýunça halkara ýaryş geçiriler ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Guradylan miweler barada
  10.12.2021
447
Guradylan miweler barada

Miweleriň ähli görnüşleri biziň saglygymyza oňyn täsirini ýetirýär. Şeýlelikde lukmanlar häli-şindi ýurdumyzda ösdürilip ýetişdirilýän miwedir-bakja önümlerini ýygy-ýygydan iýmegi maslahat berýärler. Olaryň diňe bir ter görnüşleri däl-de, eýsem, guradylan kişde görnüşleri hem biziň saglygymyň üçin peýdalydyr.

Guradylan üzüm- kişmişde kaliý köp, şonuň üçin ol ýürek-damar ulgamyny pugtalandyrýar. Irki döwürlerde lukmanlar kişmişi gahary basyjy iýmit hökmünde ulanypdyrlar we  ony gaharjaň adamlaryň naharlaryna goşup beripdirler. Üsgürme, demgysma halatynda ýarym käde kişmişi suwda ezmeli we ony ýatylmazdan öň içmeli. Sesiň gyrlan halatynda iki nahar çemçe möçberindäki kişmişi bir bulgur suwly gapakly gapda haýal ýanýan otda 10 gaýnatmaly. Soňra oňa bir çemçe sogan suwyny goşmaly we içmeli.

 Erik kişdesi-ýürek agyrysyndandan ejir çekýänler üçin oňat serişdedir. Onda ýüregiň kadaly işlemegine täsir edýän örän köp mukdarda kaliý bar. Erik kişdesi aşgazan-içege ulgamynyň işini kadalaşdyrýar, içegäni arassalaýar we onuň işjeňligini ýokarlandyrýar. Içegäniň içiň ýöremedik ýagdaýynda suwa ezilen erik kişdesiniň 100 gramyny günde iýmek maslahat berilýär. Mundan başgada infarkt geçiren näsaglara öz iýmitlerinde erik kişdesini ulanmak peýdalydyr. Erik kişdesi düzüminde 50 göterim şekeriň bardygy sebäpli ony süýji keseli bar adamlara iýmek maslahat berilmeýär.

Injir- gan damarlarynda ganyň goýalmagy bilen emele gelýän kesellerde, ýürek-damar ulgamynyň näsazlygynda, demgysmada, peşew çykaryjy serişde hökmünde we sowuklama garşy ulanmak peýdaly. Agyr syrkawlygy geçireniňden soň, ajöze injir bilen badamy bile iýseň peýdasy örän uludyr. Injir kişdesiniň 200 gramyny gaýnap duran süýde goşmaly we ony süzgüçden geçirmeli, günde 3-4 gezek ýyly görnüşinde ýarym bulgurdan içmeli. 

Garaly- düzüminde uly mukdarda karotin pektin bar. Karotin A witaminini emele getirýär. Bu witamin ýokanç kesellere, bakteriýalara garşy göreşýär, görejiňi ýiteldýär. Pektin maddasy bolsa içegäniň işleýşini gowlandyrýar. Içegä gelip gowuşýan ýa-da onda emele gelýän zäherli maddalary aradan aýyrýar. Bu miwe biziň bedenimizdäki madda alyň-çalşygyny kadalaşdyrýar. Garalynyň 5-6 sany kişdesini agşam bir bulgur sowuk suwa ezmeli, soňra ir bilen ajöze içilse iýmit siňdiriň ulgamynyň işjeňligini gowlaýar.