logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Health /Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Haýyr-sahawat gaznasy howandarlyga mätäç çagalaryň operasiýa bejergileri üçin serişdeleri bölüp berýär
  04.04.2022
1143
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Haýyr-sahawat gaznasy howandarlyga mätäç çagalaryň operasiýa bejergileri üçin serişdeleri bölüp berýär

Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda, 2021-nji ýylyň mart aýynda Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy döredildi hem-de Türkmenistanyň Mejlisiniň karary bilen bu gazna Gurbanguly Berdimuhamedowyň ady dakyldy.

Haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleri ýurdumyzyň degişli lukmançylyk edaralarynda bejergi almaga mätäç çagalar, zerur bolanda, olary daşary ýurtlara ugratmak üçin ulanylýar.

Ýakynda ýurdumyzyň iň döwrebap hassahanalarynda — Lebap welaýatynyň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezinde, Mary welaýatynyň çagalar hassahanasynda hem-de Aşgabat şäherindäki Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezinde hossarsyz galan hem-de maddy ýagdaýy çäkli maşgalalardan ýene 10 çaga operasiýa edildi. Olar Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirildi. Häzir näsag çagalaryň ählisi-de iň gowy lukmanlaryň gözegçiliginde saklanylýar.