logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Politics /Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy
  28.10.2022
1233
Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy

27-nji oktaýabrda, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy bu ýerde Bütindünýä rekordlary guramak boýunça geňeşçi Aýdyn Türkgüjü bilen gürrüňdeş boldy. Ol wagt tapyp kabul edendigi we bu ýerde bildirilen myhmansöýerlik üçin hormatly Arkadagymyza tüýs ýürekden sagbolsun aýdyp, Türkmenistanda bolmagynyň özi üçin belent mertebedigini nygtady.

Bütindünýä rekordlary guramak boýunça geňeşçi Aýdyn Türkgüjü Ahal welaýatynyň täze merkezinde geçirilmegi meýilleşdirilýän «Organiki bakjalyk we onuň ekologiýa goşýan goşandy» atly okuw sapagynyň guramaçylyk meseleleri, maksatlary we wezipeleri barada maglumat berdi.