logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Politics /Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde alnyp barylýan işleriň depgini bilen tanyşdy
  16.01.2023
1305
Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde alnyp barylýan işleriň depgini bilen tanyşdy

15-nji ýanwarda, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewiň haýyşy boýunça Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, alnyp barylýan işleriň depgini hem-de Ahal welaýatynyň merkezinde guruljak baş metjidiň taslamalary bilen tanyşdy.

Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow hem-de Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew Halk Maslahatynyň Başlygyny merkeziň çäginde gurulmagy meýilleşdirilýän täze metjidiň binasy, onuň bezeg aýratynlyklary bilen baglanyşykly taslamalar hem-de täze metjidiň ýerleşjek ýeriniň çyzgylary, şol sanda onuň içki bezeginiň dürli görnüşleriniň we metjidiň ýanynda gurulmagy meýilleşdirilýän sadaka jaýynyň şekil taslamalary bilen tanyşdyrdylar.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy bina ediljek metjidiň gurluşygy bilen baglanyşykly taslamalary we çyzgylary synlap, bu ýerde okuw medresesiniň gurulmagynyň hem maksadalaýyk boljagyny aýtdy.

Soňra bu ýerde Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň hem-de Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewiň gatnaşmagynda iş maslahaty geçirildi. Gurbanguly Berdimuhamedow baş metjidiň düýbüni tutup, onuň gurluşygyna badalga berilmegine ýakyn wagtda girişilmeginiň, ähli halkymyzyň bu ajaýyp waka gatnaşmagynyň hem-de şu mynasybetli sadaka bermegiň maksadalaýyk boljakdygyny nygtady.

Şeýle-de Arkadagymyz baş metjidiň gurulmagy meýilleşdirilýän ýerine baryp, bu ýeriň maksadalaýyk saýlanyp alnandygyna ünsi çekdi. Ýeri gelende, Ahal welaýatynyň baş metjidiniň guruljak ýeriniň Gahryman Arkadagymyzyň beren maslahatlarydyr teklipleri esasynda hem-de milli ýörelgelerimize laýyklykda, 2022-nji ýylyň oktýabrynda kesgitlenendigini belläp geçmek gerek. Şeýle-de bu metjidi gurmak boýunça bäsleşik yglan edildi. Ýokary talaplar bildirilen bäsleşigiň netijeleri boýunça «Altyn» hojalyk jemgyýeti ýeňiji boldy.