Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Awaza 2025: "Geosyýasy dialog, täzeçil garaýyşlar" ✦ ✦ Awaza 2025: "Raýat Jemgyýeti" Forumy ✦ ✦ Awaza 2025: "Ugurdaş Çäreler" ✦ ✦ “Sagdyn nesil — arassa ekologiýa” atly medeni çäre geçirildi ✦ ✦ Aşgabatda metbugat sowatlylygy boýunça okuw çäresi geçirildi ✦ ✦ Awaza 2025: Ýokary derejeli forumlar ✦ ✦ Türkmen Programmisti ABŞ-da Baş Baýragynyň eýesi boldy ✦ ✦ ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezinde metbugat sowatlylygy boýunça okuw çäresi geçirildi. ✦ ✦ LLDC3 программа способствует получению необходимой информации ✦ ✦ LLDC3 programmasy zerur maglumatlara ýardam berer ✦
Baş sahypa / Syýasat /Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Syýasy maksadalaýyklyk geňeşiniň Başlygy bilen duşuşdy
  31.05.2023
647
Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Syýasy maksadalaýyklyk geňeşiniň Başlygy bilen duşuşdy

30-njy maýda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Tährana iş saparynyň çäklerinde Eýran Yslam Respublikasynyň Syýasy maksadalaýyklyk geňeşiniň Başlygy Sadek Amoli Larijani bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn, şeýle hem iri halkara guramalaryň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň gerimi boýunça pikir alşyldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri hem-de EYR-niň Syýasy maksadalaýyklyk geňeşiniň Başlygy türkmen-eýran gatnaşyklaryny ähli ileri tutulýan ugurlar boýunça ösdürmegiň möhümdigi barada aýdyp, iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek we has ýokary derejelere çykarmak üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler.

Şeýle hem sebit we halkara syýasatynyň özara gyzyklanma bildirilýän möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri halkara giňişliginde bolup geçýän çylşyrymly ýagdaýlaryň netijesinde Merkezi Aziýanyň we oňa goňşy döwletleriň dünýäniň üns merkezindedigini belledi. Bu bolsa sebitiň ornunyň belli bir derejede ýokarlanmagyny şertlendirýär.

Söhbetdeşleriň umumy pikirine görä, ýurtlarymyzyň geosyýasy taýdan amatly ýerleşmegi sebitimiz bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine bolan gyzyklanmalaryň ýylsaýyn ýokarlanmagyna berk esasy bolup çykyş edýär. Şunuň bilen baglylykda, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň gün tertibiniň esasy meseleleriniň birine – sebitde howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmek meselesine aýratyn üns berilýär.

Şeýle hem türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň Hazar deňzi bilen bagly meseleleri boýunça pikir alşyldy. Mälim bolşy ýaly, sebitdäki geosyýasy ýagdaýlarda belli bir derejede Hazar deňziniň faktory peýda bolup başlady, bu bolsa sebit howpsuzlygyny pugtalandyrmak boýunça bilelikdäki tagallalary işjeňleşdirmäge borçlandyrýar. Şunuň bilen baglylykda, 2022-nji ýylyň 29-njy iýunynda Aşgabatda sebit ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda geçirilen altynjy Hazar Sammitiniň netijeleri boýunça gazanylan anyk ylalaşyklaryň möhümdigi bellenildi.