logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Politics /Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyny 70 ýaşynyň dolmagy mynasybetli gutlady
  15.06.2023
870
Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyny 70 ýaşynyň dolmagy mynasybetli gutlady

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine 70 ýaşynyň dolmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.

«Soňky on ýylyň içinde Siziň ýolbaşçylygyňyzda Hytaý Halk Respublikasy döwrebap sosialistik döwleti gurmak ýolunda ajaýyp üstünlikleri gazandy. Siziň Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň berkidilmegine goşýan şahsy goşandyňyza biz ýokary baha berýäris. Ýurtlarymyzyň arasyndaky özara hormat goýmak, ynanyşmak, deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan strategik hyzmatdaşlygyň halklarymyzyň bähbidine, ählumumy parahatçylyk, durnukly ösüş ugrunda üstünlikli ösdüriljekdigine berk ynanýaryn» diýip, Gahryman Arkadagymyz gutlag hatynda nygtady.

Mümkinçilikden peýdalanyp, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow HHR-iň Başlygy Si Szinpine berk jan saglyk, uzak ömür we ýokary döwlet wezipesinde täze üstünlikleri, Hytaýyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk, gülläp ösüş arzuw etdi.