logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Science and Education /Gurbanguly Berdimuhamedow Koreýada bilim alýan türkmen talyp ýaşlary bilen duşuşdy
  29.11.2022
1289
Gurbanguly Berdimuhamedow Koreýada bilim alýan türkmen talyp ýaşlary bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasyna resmi sapary dowam edýär. Saparyň çäginde birnäçe gepleşikler geçirilip, iki ýurduň arasynda dürli ugurlarda işjeň hyzmatdaşlyk alyp barmagyň geljekki ädimleri kesgitlenilýär.

Saparyň dowamynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyp ýaşlary bilen duşuşdy.

Dostlukly ýurtda bilim alýan türkmen talyplaryna Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.