logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Politics /Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýanyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynda duşuşyk geçirdi
  03.11.2022
1205
Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýanyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynda duşuşyk geçirdi

2-nji noýabrda, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasyna resmi saparynyň çäklerinde RF-niň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň umumy mejlisinde maksatnamalaýyn çykyş etdi hem-de Russiýanyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynda duşuşyk geçirdi.

Geçirilen duşuşykda, Wýaçeslaw Wolodin Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwletara strategik hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine, parlamentara gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine, iki halkyň dostlugynyň we özara düşünişmeginiň pugtalandyrylmagyna goşýan ägirt uly goşandyny belledi.  Nygtalyşy ýaly, kanun çykaryjylyk meselelerinde köp sanly çözgütleriň kabul edilmegi şu günki döwrüň talabydyr, munuň özi hukuk ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge mümkinçilikleri açýar. Ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlyk meselelerine hem-de taraplaryň her biriniň bähbitlerini hasaba almak bilen, dürli ugurlarda bar bolan mümkinçiliklere aýratyn üns çekildi.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy ylym-bilim ulgamyny döwletara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezdi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda mekdebe çenli çagalar edaralaryndan başlap, ýokary okuw mekdepleri tamamlanylýança rus diliniň öwrenilmegine uly üns berilýändigi aýdyldy. Arkalaşygyň döwlet Baştutanlarynyň şu ýylyň 14-nji oktýabrynda geçirilen sammitinde 2023-nji ýylyň GDA ýurtlarynda milletara gepleşik dili hökmünde «Rus diliniň ýyly» diýlip yglan edilendigini ýatladýarys. Şeýle-de Prezidentler Serdar Berdimuhamedowyň we Wladimir Putiniň çözgütlerine laýyklykda, geljek ýyl Türkmenistanda Türkmen-rus uniwersitetiniň düýbüniň tutuljakdygy bellendi.

Türkmenistanyň wekiliýetiniň sebitara hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryna garamak üçin geçiriljek Hazarýaka döwletleriň parlament ýolbaşçylarynyň maslahatyna gatnaşmak mümkinçiligi ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşygyň ahyrynda Gurbanguly Berdimuhamedow bilelikdäki netijeli işi dowam etdirmäge pugta ygrarlydygyny tassyklady we Döwlet Dumasynyň ýolbaşçysyny özi üçin islendik amatly wagtda Türkmenistana sapar bilen gelmäge çagyrdy.