logo

Latest news:
✦ Fizika ylmynyň gazananlary ✦ ✦ «Ýaşyl» himiýa düşünjesi ✦ ✦ Möhüm ähmiýetli dialog ✦ ✦ Rowaçly tutumlaryň gözbaşy ✦ ✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦
Home / Sports /Gurbanguly Berdimuhamedow täze gelip gowşan häzirkizaman sport ulaglary bilen tanyşdy
  06.03.2023
3262
Gurbanguly Berdimuhamedow täze gelip gowşan häzirkizaman sport ulaglary bilen tanyşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Içeri işler ministrliginiň Sport-ulag merkezine gelip, bu ýere täze gelip gowşan häzirkizaman sport ulaglarynyň özboluşly aýratynlyklary olaryň sport ulaglaryna mahsus derejeli enjamlaşdyrylyşy bilen tanyşdy.

Gurbanguly Berdimuhamedow sport maksatly ýöriteleşdirilen bu ulaglaryň tehniki häsiýetlerinden, aýratyn-da, tizligi artdyrmagyň mümkinçiliklerinden we onda sürüji üçin döredilen şertlerden peýdalanyp, awtoulag sportuna ýöriteleşdirlen meýdançanda birnäçe aýlawlary ýerine ýetirdi.

Ýeri gelende belläp geçsek, 2023-nji ýylyň 6-13-nji iýuly aralygynda «Ýüpek ýoly-2023» atly Kazan-Moskwa ugry boýunça halkara awtorallisi geçiriler.