logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Politics /Gurbanguly Berdimuhamedow - Türki dünýäniň ýokary ordeni bilen sylaglanyldy
  11.11.2022
1146
Gurbanguly Berdimuhamedow - Türki dünýäniň ýokary ordeni bilen sylaglanyldy

Şu gün Türki Döwletleriň Guramasynyň Samarkantda geçirilen sammitiniň çäklerinde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türki dünýäniň ýokary ordeni bilen sylaglanyldy. TDG-niň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň çözgüdine laýyklykda, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Gahryman Arkadagymyza bu abraýly sylagy dabaraly ýagdaýda gowşurdy.

Şeýle hem, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan hem türki dünýäniň öňünde bitiren hyzmatlary üçin guramanyň ýokary sylagy bilen sylaglanyldy. Şeýle-de gyrgyz ýazyjysy Çingiz Aýtmatowa Türki Döwletleriň Guramasynyň türki dünýäniň jebisligine goşandy üçin Alişer Nowaýy adyndaky halkara baýragy berildi. Degişli baýrak Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowa gowşuryldy.