logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Politics /Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasyna bardy
  09.02.2023
1453
Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasyna bardy

8-nji fewralda, Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkiýe Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasyna gelip, doganlyk ýurduň wekillerine duýgudaşlyk bildirdi. Gahryman Arkadagymyz şu agyr pursatda gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna ýürekden gynanç we medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkiýe Respublikasynyň paýtagtymyzdaky ilçihanasyna geldi we Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri hem-de ýurdumyzyň müftüsi bilen gürrüňdeş bolup, doganlyk halklar üçin şeýle agyr pursatlarda olara duýgudaşlyk bildirmegiň türkmen halkyna mahsus häsiýetleriň biridigini belledi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow, Türkiýede bolup geçen tebigy heläkçiligiň köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelere, uly möçberli weýrançylyklara getirendigini gynanç bilen belläp, tebigy betbagtçylykdan ejir çekýän doganlyk türk halkyna çuňňur gynanjyny we medet beriji sözlerini aýdyp, türkmen-türk mizemez dost-doganlygynyň nyşany hökmünde Hatyra kitabynda ýazgy galdyrdy.

Gahryman Arkadagymyz şehit bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hormatly Prezidentimiziň adyndan, öz adyndan hem-de bütin halkymyzyň adyndan gynanç sözlerini beýan edip, merhumlara iman baýlygyny, olaryň ýatan ýerleriniň ýagty, jaýlarynyň jennet bolmagyny Beýik Biribardan dileg etdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri ýakyn wagtda şehit bolanlary, öten-geçenleri hatyralap, «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynda sadaka beriljekdigini belledi.

Soňra Türkmenistanyň müftüsi öten-geçenleri ýatlap, aýat-doga okady.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow, ýene bir gezek türk halkyna ruhy durnuklylyk arzuw etdi we bu ýerden ugrady.