logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Politics /Gurbanguly Berdimuhamedow Walentina Matwiýenko ýadygärlik sowgat berdi
  02.11.2022
839
Gurbanguly Berdimuhamedow Walentina Matwiýenko ýadygärlik sowgat berdi

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasyna resmi saparynyň çäklerinde geçirilen ikitaraplaýyn duşuşyklaryň ahyrynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy hem-de Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy ýadygärlik sowgatlary alyşdylar.

Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Walentina Matwiýenko türkmen zenanlarynyň däp bolan şaý-sepleriniň biri — tumary sowgat berdi. Bezegden başga-da, tumar gözden-dilden goramak wezipesini hem ýerine ýetirýär. Ol tumary dakynanlara rowaçlyk getirýär. Şaý-sepleriň bu görnüşi türkmen zergärleri tarapyndan altyn çaýylan kümüşden taýýarlanylýar hem-de hakyk we pöwrize daşy bilen bezelýär.

Russiýa Federasiýasynyň parlamentiniň ýokarky palatasynyň ýolbaşçysy ajaýyp sowgat üçin hoşallyk bildirip, Gahryman Arkadagymyza şekillendiriş sungaty eserini — Russiýada güýz paslyny, ýylyň şu döwründe rus tebigatynyň özgerişini alamatlandyrýan täsin suraty sowgat berdi.