logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Politics /Gurbanguly Berdimuhamedowa Russiýanyň ýokary döwlet sylagy gowşuryldy
  04.11.2022
1132
Gurbanguly Berdimuhamedowa Russiýanyň ýokary döwlet sylagy gowşuryldy

3-nji noýabrda, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasyna dowam edýän resmi saparynyň çäklerinde Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşdy.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy Kreml köşgünde Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin mähirli garşylady. Taraplar söhbetdeşligiň barşynda häzirki wagtda giň ugurlar boýunça üstünlikli ösdürilýän türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň wajyp meseleleriniň ençemesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygyny Russiýanyň döwlet sylagy — IV derejeli «Watanyň öňünde bitiren hyzmatlary üçin» diýen ordeni bilen sylaglady.