logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Health /Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda iri saglygy goraýyş desgalarynyň düýbi tutuldy
  15.03.2023
1008
Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda iri saglygy goraýyş desgalarynyň düýbi tutuldy

Şu gün — 15-nji martda paýtagtymyz Aşgabatda Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda täze guruljak iri saglygy goraýyş desgalarynyň 3-siniň ýagny Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň, Halkara  pediatriýa merkeziniň, şeýle hem Stomatologiýa merkeziniň düýbüni tutmak dabarasy boldy.

Bu iri desgalaryň gurluşygyny Türkiýäniň «Gap Inşaat» kompaniýalar topary alyp barar. Bu barada Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk bilen 14-nji martda geçirilen duşuşygynda nygtaldy.