logo

Latest news:
✦ Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda golýazmalary öwrenmek boýunça ylmy hyzmatdaşlyk başlandy ✦ ✦ Dünýädäki iň döwrebap robot haýsy? ✦ ✦ «Biznes-Intellekt» bäsleşigi ýaş zehinleri ýüze çykardy ✦ ✦ Syýahatçylyk mekdebiniň talyplary türkmen haly sungaty bilen tanyşdylar ✦ ✦ TOHU-da ykdysadyýet ugrunda möhüm meseleler boýunça pikir alyşma duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy maslahatyna gatnaşdy ✦ ✦ Saglygy goraýyş ulgamynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti «Energoprom-2026» halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Azat Annadurdyýew: Sanly arheologiýa uly mümkinçilikleri açýar ✦ ✦ Kompýuter tehnologiýasynyň ösüşi ✦
Home / Culture /Gurbanguly Berdimuhamedowyň Täze ýyl baýramy mynasybetli döreden goşgusy: «Dowam bolsun!»
  26.12.2022
1355
Gurbanguly Berdimuhamedowyň Täze ýyl baýramy mynasybetli döreden goşgusy: «Dowam bolsun!»

24-nji dekabrda, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, welaýatyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň — Arkadag şäheriniň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen gyzyklandy hem-de şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilmegi meýilleşdirilýän desgalaryň taslamalary bilen tanyşdy, degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow, Arkadag şäheriniň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen gyzyklanyp, şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilmegi meýilleşdirilýän desgalaryň taslamalary bilen tanyşandan soňra hemmeleri ýetip gelýän Täze ýyl baýramy bilen tüýs ýürekden gutlap, ýurdumyzyň ähli halkyna berk jan saglyk, uzak ömür, maşgala bagtyýarlygyny, ýurt abadançylygyny, il-ýurt bähbitli ýerine ýetirilýän işlerde uly üstünlikleri arzuw etdi. Şeýle hem işden boş wagtlary çeper döredijilik bilen meşgullanýan Gahryman Arkadagymyz Täze ýyl baýramy mynasybetli öz oý-pikirlerini goşgy setirlerine geçirendigini aýdyp, täze döreden goşgusyny okap berdi.

Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow we Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew hormatly Arkadagymyzy ýetip gelýän Täze ýyl baýramçylygy bilen gutlap, täze «Dowam bolsun!» atly goşgusy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Olar täze goşgynyň ilkinji diňleýjileri bolmagyň özleri üçin uly mertebedigini nygtadylar. Bu şahyrana setirleriň geljekde aýdym bolup, tutuş halkymyzyň ýürek owazyna öwrüljekdigi, beýik işleriň, bagtyýar halkymyzyň eşretli, abadan günleriniň dowamata atarylýandygynyň aýdyň beýany bolup ýaňlanjakdygy bellenildi.

Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW 

«Dowam bolsun!» 

Ýyllaryň hatar kerweni —
Goja dünýäň hakydasy.
Durmuş bir kitap ýalydyr,
Her ýyl — täze sahypasy.

Ýyldyrym deý ýüwrük atyň
Badynda gördüm ýyllary!
Ak bagtyň ak ýollaryna
Badalga gördüm ýyllary!

Asman-zemin arasy —
Giň dünýämiz parahat!
Güller açsyn gül Watan,
Köňüller bolsun rahat!

Doýma ýok ynsan ogluna
Durmuşyň şirin dadyndan!
Bezeýär uly dünýäni
Ýaz ýaly ýagşy adamlar.

Giň jahanda dostluk berkäp,
Şatlyk-gülki, owaz bolsun!
Türkmeniň döwletli ýoly
Ak geljege dowam bolsun!