logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Society /Gurbanguly Hajy Baş metjidinde agzaçar sadakasy berildi
  15.04.2023
729
Gurbanguly Hajy Baş metjidinde agzaçar sadakasy berildi

14-nji aprelde Mary welaýatynyň merkezindäki Gurbanguly Hajy Baş metjidinde agzaçar sadakasy berildi. Bu sadaka Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, welaýat, şäher, etrap häkimlikleriniň, edara-kärhanalarynyň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly il ýaşululary, mähriban eneler gatnaşdylar.

Agzaçar sadakasynda oňa gatnaşyjylara tagam çekildi. Tagam iýlenden soň aýat-töwür okalyp, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähriban käbesi, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň enesi Ogulabat ejäniň jaýynyň jennetde, ruhunyň şat bolmagy Beýik Biribardan dileg edildi. Türkmenistan döwletini gülledip ösdürýän, halkyny eşretli durmuşda bolelin ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, beýik başlanjgyçlarynyň hemişe rowaç bolmagy arzuw edildi.

Gurbanguly Hajy Baş metjidinde berlen agzaçar sadakasyndan soň metjitde tarawa namazy okaldy.