logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Society /Gurbannazar Ezizowyň doglan gününiň 83 ýyllygyna bagyşlanan aýdym-sazly dabara geçirildi
  03.03.2023
1285
Gurbannazar Ezizowyň doglan gününiň 83 ýyllygyna bagyşlanan aýdym-sazly dabara geçirildi

Tejen etrabyndaky daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 41-nji orta mekdepde «Durna-jümjümeli älemgoşarly, Ülkäme toý bolup gelen ýazlarym» atly aýdym-sazly dabara geçirildi. Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gurbannazar Ezizowyň doglan gününiň 83 ýyllygyna bagyşlanan dabara okuwçy ýaşlardyr mekdep mugallymlary gatnaşdy.

Dabarada etrabyň ýaşaýjysy, il sylagly ýaşuly Annaberdi Eýeberdiýew, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni Aýnagözel Annamyradowa, 41-nji orta mekdebiň türkmen dili we edebiýaty mugallymy Bägül Suhanowa dagynyň çykyşlary has-da täsirli boldy. Olar türkmen edebiýatynda öçmejek yz galdyran zehinli şahyryň ajaýyp eserleriniň terbiýeçilik ähmiýeti dogrusynda gyzykly söhbet açdylar.

Mekdep okuwçylary şahyryň goşgularyny labyzly okadylar, onuň şygyrlaryna döredilen aýdymlary ýerine ýetirdiler. Munuň özi bahar-ýazyň joşgunly günlerinde geçirilen dabara baý öwüşgin çaýdy.