logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Poetry /Gurbannazar Ezizowyň ömrüne bagyşlanan
  10.03.2021
5071
Gurbannazar Ezizowyň ömrüne bagyşlanan

     Ýaz güniniň ilkinji güni şeýle bir üýtgeşik gün, sebäbi ol gün ýüreklerde öçmejek yz galdyran hem-de goşgulary bilen kalpdaky dünýämizi bezän şahyrymyz Gurbannazar Eziziowyň doglan günidir.

Türkmeniň ezizläp, eý görýän şahyry, ömri gysga bolsa-da, şol döwrüň içinde halkyň, okyjy ýaş şahyrlaryň söýgüsini gazanan ussat ýazyjy Gurbannazar Ezizowdyr. Ol 1940-njy ýylyň mart aýynyň 1-ne Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Söwütli obasynda dünýä inip, Aşgabada göçüp gelenlerinden soň, Aşgabatdaky 29-njy orta mekdebi, soňra hem Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň dil-edebiýat bölümini tamamlaýar. G.Ezizow gysgajyk ömrüniň dowamynda hem öz ykbalyny goşga baglapdyr. Onuň her bir ýazan goşgusyny okasak kalbymyza ornaşýar, ýaz paslyna bolan, Watanyňa, ene-ataňa, söwer ýaryňa bolan söýgi-duýgularyňy oýarýar.

Kerim Gurbannepesowyň aýtmagyna görä: “Ol özüniň ýanyna gelýän ýaş şahyrlaryň mugallymydy, ol biziň ýüregimizde  baky ýaşaýar, işde hem-de ýolda wagtlarym ýanymda ýaly duýardym, indi onuň aramyzda ýoklugyny duýmak agyr gelýärdi” diýip belläp geçýär. Onuň ýanyna ýaş şahyr oglanlar gelse täze ýazan goşgularyny okap berer ekenler. Gurbannazar ezizow olaryň gowy ýazan goşgularyna “gowy” diýse onuň çyndanam gowylygydyr, eger “bolýa” diýse goşguda biraz kem-käsligiň, ýetmezçiligiň barlygydyr. Hat-da gowy goşgulary okasalar göwnüne ýarasa özi hem goşulyp goşgy aýdar ekeni.

Häzir hem Aşagabat şäherindäki 29-njy orta mekdebi Gurbannazar Ezizowyň adyny göterýär. Gurbannazar Ezizow biziň aramyzda ýok bolsa-da onuň goşgulary ýüregimizde ýaňlanýar. Ýaz pasly gelse, guşlar erkin saýrasa, şonda Gurbannazar Ezizowyň:

Durna, jümjümeli, älemgoşarly,

Ülkäme toý bolup gelen, ýazlarym.

Edepli-ekramly, gunduz goşarly,

Bäs edişiň gyzlar bilen, ýazlarym.

Gelin-gyzlarymyzyň owadanlygy ýaly ýaz paslymyzyň gözelligini wasp edýän goşgusy göz-öňümizde janýar.