logo

Latest news:
✦ Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda golýazmalary öwrenmek boýunça ylmy hyzmatdaşlyk başlandy ✦ ✦ Dünýädäki iň döwrebap robot haýsy? ✦ ✦ TOHU-da ykdysadyýet ugrunda möhüm meseleler boýunça pikir alyşma duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy maslahatyna gatnaşdy ✦ ✦ Saglygy goraýyş ulgamynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti «Energoprom-2026» halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Azat Annadurdyýew: Sanly arheologiýa uly mümkinçilikleri açýar ✦ ✦ Kompýuter tehnologiýasynyň ösüşi ✦ ✦ Talyplar we ýaş telekeçiler eksport boýunça amaly maslahatlar aldy ✦ ✦ TOHU-da ýaşlaryň marketing bilimini artdyrmak üçin açyk sapak guraldy ✦
Home / Economics /Gurluşyk pudagy döwür bilen deň gadam urýar
  13.06.2023
979
Gurluşyk pudagy döwür bilen deň gadam urýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda oňyn özgertmeleriň ilerledilişi, ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak boýunça ýola goýulýan çäreler üstünlikli amal edilýär. Bagtyýar raýatlarymyzyň saglygyny goramak we berkitmek, ýaş nesilleriň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini berkarar etmek boýunça alnyp barylýan işlere uly üns gönükdirilýär. Yzygiderli gurulýan iri, täze hassahanalar, saglyk hem sport merkezleri ilatyň saglygyny berkitmek we ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak babatda oňyn häsiýete eýedir.  Yzygiderli guralýan iri halkara sergilerde häzirki wagtda ýurdumyzyň gazananlary, şäherleriň hem-de sebitleriň ýaşaýyş durmuşyny has oňaýly ýagdaýda guramaga gönükdirip ulanylýan innowasion tehnologiýalary, türkmen ykdysadyýetiniň geljegi uly we tiz depginler bilen ösýän pudaklarynyň biri bolan gurluşyk-senagat toplumynyň kuwwaty bilen giň jemgyýetçiligi tanyşdyrylýar. Ýurdumyzda pudaklaryň döwrebaplaşdyrylmagy, eksport ugurly harytlaryň öndürilişiniň möçberini artdyrmak, sanly tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak bilen baglanyşykly wezipeleriň üstünlikli çözülýändigi guwandyryjy. Ýurdumyzyň kuwwatly senagatyny döretmek, importyň ornuny tutýan önümleri öndürmek, türkmen topragynyň örän baý ýerli çig mal serişdelerini giňden özleşdirmek boýunça işleri çaltlandyrmak boýunça çäreler işjeň alnyp barylýar. Bu işleriň netijeleri önümçilik toplumlarynyň kuwwatyny artdyrmaga hem-de ýokary hilli gurluşyk serişdeleriniň, beýleki önümleriň öndürilişiniň möçberini köpeltmäge gönüden-göni ýardam edýär. Şeýle hem pudagyň önümçilik, ylmy-tehniki kuwwatyny pugtalandyrmaga, hojalygy dolandyrmagyň netijeli usullaryny ornaşdyrmaga uly üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda hereket edýän önümçilikleri tehniki we ykdysady taýdan durnuklylaşdyrmaga, durkuny täzelemäge gönükdirilen uly işler alnyp barylýar. Şeýle bina edilýän desgalaryň binagärligiň gadymdan gelýän däplerini hem-de häzirki zaman dünýä şäher gurluşygynyň tejribelerini özünde jemleýändigi eziz Diýarymyzyň gurluşyk pudagynyň döwür bilen deň gadam urýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär. 

 

Toýly DÖWRANOW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika 
institutynyň 2-nji ýyl talyby.