logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Interesting /Gurluşyk pudagynda «Biobeton» tehnologiýalaryň geljegi
  17.10.2022
1071
Gurluşyk pudagynda «Biobeton» tehnologiýalaryň geljegi

Beton dünýäde iň köp ulanylýan gurluşyk materialdyr. Suw hojalyk desgalarynda we köpri gurluşygynda giňden ulanylýar. Köprüler köplenç agyr ýükler sebäpli ownuk jaýryklary başdan geçirýärler. Açyk jaýryklara girýän suw betonyň berkligini pese düşürmegine hem-de suw hojalyk desgalarynyň zaýalanmagyna getirýär.

Rimliler iki müň ýyl mundan ozal öz-özüni bejerýän beton ulanypdyrlar. Öz-özüni bejerýän betonyň kömegi bilen desgalary düýpli abatlamak, şeýle hem hyzmat möhletini ýokarlandyrmak mümkin bolup durýar.

Häzirki zaman alymlary hem şeýle etmäge synanyşýarlar. Bu synag, bakteriýalaryň hek daşyny öndürmegine esaslanýar. Suw betonda ýüze çykýan jaýryklara girende, bakteriýalar suw bilen täsirleşip işjeňleşýär we eräp bilmeýän hek daşyna öwrülýär. Şeýle önümleriň aşa galyň öýjük diwarlary bar, bu bolsa 200 ýyla çenli üýtgemän durmaga mümkinçilik berýär.

Alymlar «Trichoderma reesei» atly hek daşynyň kömeleklerini ownuk jaýryklary emele getirýän betona goşundy hökmünde ulanýarlar. Öz-özüni bejerýän beton, suw hojalyk desgalarynda ýüze çykýan jaýryklary bejermek üçin ulanyljak biologiki önümdir.

 

Döwletmyrat ANYÝEW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň
Oba hojalygynyň meliorasiýasy
kafedrasynyň mugallymy.