logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Economics /Gurluşyk-senagat pudagy döwrebap ugur bilen ösýär
  14.06.2023
1169
Gurluşyk-senagat pudagy döwrebap ugur bilen ösýär

Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzy senagat taýdan ösen ýurtlaryň derejesine çykarmak babatdaky öňdengörüjilikli döwlet syýasatyndan ugur alnyp, häzirki wagtda döwrebap tehnologik enjamlar bilen üpjün edilen senagat kärhanalaryny yzygiderli gurmak we işini kämilleşdirmek boýunça giň gerimli çäreler alnyp barylýar. Senagat kärhanalaryny häzirki zamanyň kämil tehnologiýalary, akylly serişdeleri bilen doly enjamlaşdyrmak, ýurdumyzda bar bolan ýerli çig mallaryň hasabyna bäsdeşlige ukyply, ýokary hilli, ekologik taýdan arassa önümleri öndürmek, gaýtadan işleýän önümçiligi innowasion esasda ýola goýmak, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri ýurdumyzda öndürmek wezipeleri olaryň esasyny düzýär.

Senagat we gurluşyk pudagy ýurdumyzyň ähli künjeklerinde alnyp barylýan gurluşyklary zerur bolan önümlerdir beýleki serişdeler bilen üpjün edýär. Bu babatda üstünlikli hereket edýän gurluşyk önümçiligi boýunça kärhanalaryň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak esasy wezipe bolup durýar. Eziz Diýarymyzda ýokary derejede ýaýbaňlandyrylýan iri gurluşyklar üçin zerur bolan ýokary hilli önümleriň üpjünçiligi ýola goýulýar. Ösen innowasion tehnologiýaly kärhanalarda gurluşyk üçin zerur bolan önümleriň önümçiligi ýokary depginde alnyp barylýar. Pudakda sement, demir we aýna önümlerinden başga-da, magdan däl materiallar, gurnama demirbeton, iri panelli jaý gurluşyk önümleri, elektron serişdeler we maşyngurluşyk enjamlary, diwara örtülýän materiallar, keramzit, gazbeton, gips, kaolin, izogam önümleridir beýleki gurluşyk materiallary öndürilýär. Soňky ýyllarda ýurdumyzda milli elektron senagaty kemala gelýär, ilatymyzyň arasynda uly isleg bildirilýän elektron we elektrotehniki önümleriň çykarylyşy yzygiderli ýola goýulýar. Gurluşyk materiallary pudagynda öndürilýän dürli görnüşli önümleriň, şol sanda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň möçberi barha artdyrylýar we pudagyň eksport mümkinçilikleri ýokarlandyrylýar. Munuň özi Türkmenistan Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny has-da artdyrmakda uly ähmiýete eýe bolup durýar. Senagat-gurluşyk önümçiligi pudagynyň şeýle oňyn häsiýetli ösüşleri eziz Watanymyzyň mundan beýläk hem gülläp ösmegi ugrunda alnyp barylýan tutumly işlere özboluşly goşant bolup çykyş edýär.

Goý, şeýle asylly başlangyçlary bilen Watanymyzy hemmetaraplaýyn ösdürýän Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, halk bähbitli işleri rowaçlyklara beslensin! 

 

Gurbangeldi HUDAÝDURDYÝEW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.