logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Society /Gurtly ýaşaýyş toplumynyň gurluşyk işleri tamamlanyp barýar
  12.08.2022
924
Gurtly ýaşaýyş toplumynyň gurluşyk işleri tamamlanyp barýar

Aşgabat şäheriniň günbatar künjeginde ýerleşýän Gurtly ýaşaýyş toplumynyň gurluşyk işleri tamamlanyp barýar. Toplum 90 gektardan gowrak meýdany tutup, bu ýerde dört gatly ýaşaýyş jaýlarynyň birnäçesi guruldy.

Häzirki wagtda binalarda timarlaýyş işleri tamamlanyp, awtoulag ýollary asfaltlanýar, toplumyň içinde we jaýlaryň arasynda ulag we pyýada ýollary çekilýär. Ýakyn wagtda, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary 64 sany dört gatly ýaşaýyş jaýynyň gurluşygyny tamamlarlar.

Gurtly ýaşaýyş toplumynyň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda 3 müňden gowrak maşgala täze öýlere göçüp gelerler. Öýler 150 inedördül metrlik dört otagly, 120 inedördül metr meýdany bolan üç otagly we meýdany 88 inedördül metr bolan iki otagly öýlerden ybaratdyr. Toplumyň çäginde birnäçe söwda nokatlary, söwda we dynç alyş merkezi, bazar, durmuş üçin hyzmat desgalary, mekdep we çagalar baglary bar.