logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Health /Gury iýmişleriň melhemlik ähmiýeti
  27.12.2022
1383
Gury iýmişleriň melhemlik ähmiýeti

Ir-iýmişleriň, miweleriň ähli görnüşleri hem beden saglygymyza ýaramly täsirini ýetirýär. Miwedir-bakja önümlerini ýygy-ýygydan iýmeklik mydama maslahat berilýär. Emma olaryň diňe bir ter görnüşlerini däl-de, guradylan görnüşlerini yzygiderli peýdalanmaklyk saglygymyz üçin oňaýly hasaplanylýar.

Guradylan üzüm. Adatça guradylan üzüme kişmiş diýilýär. Kişmişde has hem ýürek-damar ulgamyny pugtalandyrýan element bolan kaliý köpdür. Irki wagtlarda hem ata-babalarymyz kişmişi iýmegiň peýdalydygyny tassyklapdyrlar we ony halk lukmançylygynda giňden ulanypdyrlar. Kişmiş nerw öýjüklerini ýadawlykdan goraýar, üsgürme, demgysma halatynda ýarym bulgur kişmiş ezilen suwy içmeklik örän gowy netije berýär. Şeýle hem ses perdelerine zeper ýeten halatynda iki nahar çemçesi kişmişi bir bulgur suwly gapda haýal ýanýan otda 10 minut gaýnadyp, bir çemçe sogan suwuny goşup içmeli.

Guradylan erik. Ýürek-damar kesellerinden ejir çekýänler üçin guradylan erik diýseň ýaramly serişdedir. Onuň düzüminde ýüregiň kadaly işlemegine täsir edýän kaliý saklanýar. Bu peýdaly iýmişi üwelen hoz bilen garyp we garyndyny günüň dowamynda birnäçe gezek kabul etmek maslahat berilýär. Fiziki işjeňlik bilen meşgullanýan adamlara ýüreginiň kadaly işlemegi üçin guradylan erik has-da peýdaly. Şeýle hem ol aşgazan-içege ulgamynyň işini kadalaşdyrýar, içegäni arassalaýar we onuň işjeňligini ýokarlandyrýar. Erik kişdesi 50 göterime çenli şekeriň dürli görnüşini özünde saklaýar.

Guradylan injir. Ony gan damarlarynda gan lagtasynyň emele gelýän kesellerde, ýürek-damar ulgamynyň näsazlygynda we sowuklama garşy ulanmak peýdalydyr. Injir iýmit siňdiriş synalaryndaky zyýanly maddalary hem ýok edýär. Ol bedende iýmit maddalarynyň oňat özleşdirilmegine ýardam edýär. Injir kişdesi gury üsgülewükde hem peýdalanylýar. Injir kişdesiniň dürli täze döremelere garşy durmaga ukyplylygy hem öňe sürülýär.

Guradylan garaly. Bu ýokumly önüm öz düzüminde köp mukdarda karotin we pektin maddalaryny saklaýar. Karotin bedeninde A witaminini emele getirýär. A witamini bolsa bedeniň ýokanç kesellere, bakteriýalara garşy durnuklylygyny ýokarlandyrýar, görüjiligi ýiteldýär. Pektin maddalary içegäniň işleýşini gowulandyrýar, onda emele gelýän zäherli maddalary ýok edýär. Bu önüm bedendäki maddalaryň alyş-çalşygyny kadalaşdyrýar. Ol iýmit siňdirişe oňyn täsir edýär we işjeňleşdirýär.

 

Aýbölek AMANOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.