logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Society /Gurýan döwlet — gurply döwlet
  16.02.2023
1045
Gurýan döwlet — gurply döwlet

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Köpetdagyň gözel künjeginde täze, döwrebap şäher — Arkadag şäheri kemala gelýär. Bu şäheriň aýratynlyklary, onda döredilýän şertler dogrusynda entek kän-kän söhbet ediler. Ýöne şunda Ahal welaýatynyň täze merkezine berlen adyň örän ýerine düşen çözgütdigini welin, hökman nygtamaly. Onda halkymyzyň köňül islegi öz beýanyny tapdy. Çünki bu şäher döwrümiziň beýik Şahsyýeti Gahryman Arkadagymyzyň irginsiz yhlasynyň, hemişelik üns-aladasynyň ajaýyp miwesidir.

Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezini «Ahal welaýatynyň Arkadag şäheri» diýip atlandyrmak baradaky çözgüdiň ähmiýetiniň milli çäklerden has uzaklara tarap giňeýändigine üns çekmek zerurdyr. Hususan-da, bu çözgüt Türkmenistanyň milli jebisligine şaýatlyk etmek bilen, parahat we abadan ýaşaýşy gurmagyň özboluşly nusgasy bolup durýar. Täze tehnologiýalara, ajaýyp binalara beslenen «akylly» şäheriň depginli gurluşyklary BMG-niň Durnukly ösüş maksatlarynyň Türkmenistanda toplumlaýyn we hemmetaraplaýyn durmuşa geçirilýändigini görkezýär. Adam gymmatlyklarynyň iň ýokary beýany bolmak bilen, Arkadag şäheri halkymyzyň parahatçylyk däpleriniň köpasyrlyk tejribesiniň täze mümkinçiliklerini subut edýär.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň kararyna laýyklykda, Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezine «Arkadag» adynyň dakylmagy halkymyzyň buýsanjyny artdyran waka boldy. Köpetdagyň eteginde gurulýan şähere bu adyň dakylmagy halkyň ýüreginden çykan arzuw-islegleriň aýdyň beýanydyr hem-de bagtyýar zamanany esaslandyryp, pähim-paýhasy, merdana halkyna, eziz Watanyna söýgüsi bilen taryhy döwürlerde beýik işleri durmuşa geçiren, düýpli özgertmelere badalga beren hormatly Arkadagymyza goýulýan belent sarpanyň hem ynamyň nyşanydyr, milli Liderimiziň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň, baky Bitaraplygymyzyň gazananlaryny pugtalandyrmakda bitiren asylly işlerine berlen ýokary bahadyr. Arkadag şäherinde gurlan bilim, saglygy goraýyş, medeniýet edaralaryna we sungat binasyna durmuş ýoly ýaş nesiller üçin nusgalyk bolan görnükli şahsyýetlerimiziň atlarynyň dakylmagy bolsa, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watany, halky üçin uly işleri bitiren adamlara hormat-sarpa goýmak ýaly asylly ýörelgelerimiziň rowaçlanýandygyny aýdyň görkezýär. 

 

Muhammet ORAZOW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk 
institutynyň mugallymy.