logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Economics /“Gurygül dag ösümligi”
  09.09.2021
880
“Gurygül dag ösümligi”

Adamzat ilkinji dörän günlerinden başlap, tebigatdaky taýýar önümleri almagy başarypdyrlar. Ösümlik dünýäsi ilkinji “Tebigy dermanhana” bolanlygy üçin biziň ata-babalarymyz olardan melhemlik tapypdyrlar. Gyrymsy agaçlaryň, otlaryň tebigy işläp çykarýan dürli peýdaly maddalaryny ulanyp janlaryna melhem tapypdyrlar. Şol melhemlik ösümlikleriň biri hökmünde hem gurygül dag ösümligidir.

Gurygül dag ösümligi adamynyň organizmini tebigy taýdan arassalaýjy ösümlik hökmünde atlandyryp bolar. Bu ösümligiň adamynyň organizmine bolan bejeriş güýji diňe özüniň gülläp ösýän wagtyndaky sebetinde bolýar. Mundan başga-da adamda endokrin bozulmalary ýüze çykan halatynda bedendäki holesterini aýyrmak ukyby bolup, damar aterosklerozyň öňüni almakda we bejermekde uly ýardam edýär. Hususanda kiçi çagalar parazitlerden ejir çeken halatynda hem bu ösümligi gaýnadyp ajöze içirmekligi maslahat berilýär.

 Ondan başga-da gurygül dag ösümliginden demlemeleri taýýarlamagyň we ony içmegiň  usullary: guradylyp owradylan ýapragyny 1,5 çaý çemçe atyp, 3 litr ýaly bolan çanakdaky suwa 10 minut ýaly gaýnadyp, gaýnandan soňra 10 minut demine goýmaly. Taýýar bolan demlemäni hasadan süzüp, günüň dowamynda 1,5 bulgura bölüp nahar iýmezden öň ýyly görnüşinde içmeli. Şeýle dermanlyk ösümlikler Bäherden etrabynyň Ýarajy obasynda hem ösüp ýetişýändigi dogrusynda bellemek bolar.