logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Science and Education /Guwandyryjy üstünlik
  09.03.2021
1856
Guwandyryjy üstünlik

     Ýurdumyzda bilim ulgamyny kämilleşdirmek maksady bilen her ýylda Ahal welaýatynyň çäginde ýerleşýän orta mekdeplerde okaýan okuwçylaryň arasynda taslama we ders bäsleşiklerine gatnaşyp, şol bäsleşiklerde ýeňiji bolýan Tejen şäheriniň ýaşaýjylarynyň sanynyň artmagy has-da buýsandyrýar. 2020-2021-nji okuw ýylynda “Altyn asyryň altyn zehinlileri” atly bäsleşiginiň geçirilmegi, ýaşlarymyzyň hemmetaraplaýyn kämil bolmagyna uly itergi berýär.

Munuň şeýledigine ýakynda geçirilen Tejen şäheriniň 9-njy synplarynda okaýan mekdep okuwçylarynyň arasynda “Altyn asyryň altyn zehinlileri” atly bäsleşiginiň Ahal welaýat tapgyry geçirildi. Oňa dersleriň 10 görnüşi boýunça bäşleşiginiň netijesi boýunça etrap-şäher tapgyry boýunça Tejen şäheriniden 48 sanysy gatnaşdy.

Bu bäsleşigiň welaýat tapgyrynda özleriniň ukyp başarnyklaryny we zehinlerini görkezdiler. Tejen şäherinden gatnaşan okuwçylaryň 24 sanysy baýrakly orunlara mynasyp boldylar. Bäsleşigiň netijesinde Tejen şäheriniň mekdep okuwçylary özleriniň zehinlidiklerini görkezip, Ahal welaýatynyň etraplarynyň arasynda olaryň 1-nji orna mynasyp bolmaklygy başardylar.

Geçirilen bäsleşigiň ýeňijilerine Ahal welaýat Baş bilim müdirliginiň hormat hatlaryna mynasyp boldylar.