logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Economics /Guwlyduzda geçen ýyl 85760 tonna däneli duz öndürildi
  03.02.2023
1469
Guwlyduzda geçen ýyl 85760 tonna däneli duz öndürildi

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň «Guwlyduz» kärhanasy ýurdumyzyň ilatyny ýodlaşdyrylan nahar duzy, şol bir wagtda hem ykdysadyýetimiziň dürli önümçilik pudaklarynda giňden peýdalanylýan önümçilik maksatly duz bilen üpjün edýär.

Kärhanada geçen ýylda bu wezipelere abraý bilen hötde gelmekde nusgalyk zähmet netijeleri gazanyldy. Has takygy, bu döwürde senagat taýdan gaýtadan işlenilmäge degişli duzuň 96480 tonnasy taýýarlanyp, iş meýilnamasyna 103,7 göterim amal edildi. Öndürilen däneli duzuň umumy mukdary 85760 tonna deň boldy. Munuň özi, meýilnamada göz öňünde tutulandakydan 4760 tonna köpdür.

Gürrüňi edilýän döwürde kärhana tarapyndan umumy gaplanan nahar duzunyň möçberi 31432 tonna golaýlady. Şeýlelikde, nahar duzy meýilnamada bellenilenden 11430 tonnadan gowrak artyk öndürildi. Şu günlerde hem kärhananyň işçi-hünärmenleri täze ýylyň ilkinji aýyny ýokary önümçilik görkezijilerine beslemek ugrunda has-da tutanýerli zähmet çekýärler.