logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Sports /GÜÝÇLILERE BAÝRAKLY ORUNLAR
  22.06.2020
822
GÜÝÇLILERE BAÝRAKLY ORUNLAR

      Ahal welaýatynyň Tejen şäherindäki 350 orunlyk döwrebap sport mekdebinde Ahal welaýatynyň sportynyň kik-boksing federasyýasynyň gurnamagynda, welaýat açyk kubogyny almak ugrynda mekdep okuwçylarynyň – ýaşlaryň we ýetgenjekleriň gatnaşmaklarynda oglan-gyzlaryň arasynda ýaryş geçirildi.

        Bu ýaryşa 2004-nji we 2009-njy ýyllar aralygynda doglan oglanlar we gyzlar gatnaşdylar. Ýaryşa ýurdumyzyň Aşgabat şäherinden hem-de Ahal, Mary, Balkan, Lebap welaýatlaryndan öz ugurlary boýunça kämil türgenleriň 250-den gowragy gatnaşdylar. Ýaryş diýseň gyzyklylygy we täsinligi bilen tapawutlandy. Oňa welaýatyň ähli künjeklerinden hem-de goňşy etraplardan tomaşaçylar geldiler. Netije-de, güýçliler başarjaňlary öňe saýlanmagy başardylar.

        3 günläp dowam eden bu ýaryşda, Ahal welaýatynyň türgenleri 1-nji, Balkan welaýatynyň türgenleri 2-nji, Lebap welaýatynyň türgenler 3-nji baýrakly orunlara mynasyp boldular. Ýaryşyň ýeňijilerine Ahal welaýatynyň sportyň kik-boksing federasiýasy tarapyndan medallar, hormat hatlar we ýadigärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Diýseň çekeleşikli geçen bu ýaryş oňa gatnajylarda we tomaşaçylarda iňňän uly täsirlerini galdyrdy.