Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Buýan ösümliginiň dermanlyk häsiýeti ✦ ✦ Gulbaba adyndaky çagalar baýragynyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi ✦ ✦ Ýurdumyzyň ösüş ýolunyň täze tapgyry ✦ ✦ «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ✦ ✦ «Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sany çapdan çykdy ✦ ✦ Mary DES-i elektrik energiýasyny öndürmekde ýokary netijeleri gazandy ✦ ✦ Aktauda Hormatly Prezidentimiziň kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygaryna bagyşlanan dabaraly maslahat geçirildi ✦ ✦ Mary welaýatynyň gaz pudagy 2026-njy ýyly ýokary önümçilik netijeleri bilen başlady ✦ ✦ Bank we söwda ulgamlarynyň sanlylaşdyrylmagy dowam edýär ✦
Baş sahypa / Saglyk /Güýz aýlarynda saglygyňyzy goramak üçin maslahatlar
  02.09.2022
696
Güýz aýlarynda saglygyňyzy goramak üçin maslahatlar

Güýz paslynda ýüze çykyp biläýjek möwsümleýin ýiti respirator ýokanç keselleriniň öňüni almak maksady bilen howanyň ýagdaýyna laýyk geýinmek zerur bolup durýar.

 

 

1. Bedeniň kesele garşy göreş ukybynyň ýokary bolmagyny gazanmak üçin sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý etmeli. Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanyp, sagdyn iýmitlenmeli. Ir säher bilen we agşamara arassa howada pyýada ýöremeli.

 

 

2. Pasla görä geýinmeli we witamin С – askorbin turşusyna baý miwe şirelerini, bally we limonly gök çaýy, itburun demlemesini içmeli, kelem, käşir, sogan, sarymsak we beýleki bakja önümleri bilen köpräk iýmitlenmeli.

 

 

3. Wagtal-wagtal penjiräni ýa-da gapyny açyp, iş we öý otaglaryny ýelejiredip durmaly, ýöne şemalyň ugrunda durulmagyna ýol bermeli däl. Otaglarda zyýansyzlandyryjy serişdeleri rejeli ulanyp, çygly arassalaýyş işlerini geçirmeli. Iş ýeriňizde we öýüňizde yzygiderli ulanýan zatlaryňyzyň üstlerini arassalamaly we zyýansyzlandyrmaly.

 

 

4. Ýiti respirator ýokanç keselleriniň ilkinji alamatlary ýüze çykan ýagdaýynda hökman öýde galmaly we maşgala lukmanyna ýüz tutmaly. Lukman tarapyndan bellenilen bejergini doly we dogry berjaý etmeli.

 

 

5. Asgyrylanda, üsgürilende hökman elýaglyk bilen agzyňy we burnuňy ýapmaly.

 

 

6. Ýurdumyzda hereket edýän şahsy we jemgyýetçilik arassaçylyk tertip-düzgünlerini berk berjaý etmeli.

Elleri elmydama arassa ýagdaýda saklamaly we ýygy-ýygydan sabyn bilen gowy ýuwmaly, howpsuz araçägi berjaý etmeli.

 

 

7. Derman serişdelerini özbaşdak, lukman bilen maslahatlaşman kabul etmeli däl, bu esasan hem, antibakterial serişdelerine degişli. Olary özbaşdak ulanmak birnäçe gaýraüzülmelere getirip biler we bedeniň kesele garşy durnuklylygyny peselder.

 

 

8. Arassa agyz suwuny ýa-da gaýnadylyp, sowadylan suwy içiň.

 

 

9. Bedeniň kesele garşy durnuklylygyny ýokarlandyrmak üçin gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda beýan edilýän itburun, çopantelpek, buýanyň köki, narpyz, käkilik oty ýaly dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan melhem çaýlary içmegi endik edinmeli.

 

 

10. Ýol hereketiniň düzgünlerini her birimiz pugta berjaý etmeli.

 

 

11. Möwsümleýin kesellere garşy sanjymlar hem ýurdumyzda ýola goýlan, her bir adam öz maşgala lukmany bilen maslahatlaşyp, olary hem kabul edip biler.

 

 

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi.