logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Nature /Güýz möwsüminde ýurdumyz boýunça 1,5 million agaç nahallary oturdyldy
  07.11.2023
758
Güýz möwsüminde ýurdumyz boýunça 1,5 million agaç nahallary oturdyldy

Hormatly Prezidentimiziň karary bilen üstümizdäki ýylyň dowamynda tutuş ýurdumyz boýunça 3 milliondan gowrak dürli agaçlaryň düýbüni oturtmak, güýzki möwsümde bolsa agaç nahallarynyň 1,5 million düýbüni oturtmak meýilleşdirildi.

 

Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda şol sanda paýtagtymyz Aşgabatda bag ekmek dabaralary şatlyk-şowhuna, dürli görnüşli el işleriniň sergileri, sport oýunlary, aýdym-saz çykyşlary bilen dabaralandy.

 

Bag ekmek dabarasy güýz paslynyň tämiz säherinde ýurdumyzyň demirgazyk sebitinde ýerleşýän Daşoguz welaýatynda Daşoguz - Aşgabat ýolunyň 7 kilometrliginde ýerleşýän täze döredilen ýaşyl zolagyň çäginde badalga berildi. Bu dabara 2600 gowrak ýaşaýjylaryň yhlasly zähmeti bilen utgaşdy.

 

Ýurdumyz boýunça badalga berilen ählihalk bag ekmek dabarasynda 30 müňden gowrak adamyň gatnaşmagynda miweli we pürli agaçlaryň 4 müň düýbi, jemi agaç nahallarynyň 60 müňden gowrak nahaly oturdyldy.

 

Şeýle-de öňden bar bolan agaçlaryň 180 müňden gowragyna ýerli ýaşaýjylar tarapyndan ideg edildi.

Babagambar POLADOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Agronomçylyk fakultetiniň
II ýyl talyby.