logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Science and Education /Güýzki çagyryş möwsümi dowam edýär
  23.11.2020
855
Güýzki çagyryş möwsümi dowam edýär

       Şu günler ýurdumyzda harby gulluga ýaramly raýatlarymyzy gulluga çagyrmak we harby gulluk möhleti dolan çagyryş boýunça harby gullukçylary harby gullukdan ätiýaçlyga goýbermek çäreleri dowam edýär.

       Şeýle çäreler Ahal welaýat harby wekilligi tarapyndan hem işjeň guralýar. Harby wekillikde raýatlary harby gulluga çagyrmak lukmançylyk barlagyndan geçirilmek hem-de harby gulluga ýaramly raýatlary saýlap, olary harby lybaslar bilen geýindirip, degişli harby bölümlere ugratmak çäreleri dowam edýär.

       Güýzki çagyryş möwsüminde harby gulluga çagyrylýan raýatlaryň ugradylyş dabarasy mynasybetli Ahal welaýat harby wekilliginiň gurnamagynda  Ahal welaýatynyň Änew şäherinde ýerleşýän welaýat medeniýet öýünde dabaraly ýygnak geçirildi.

     Ýygnakda harby borja we harby kasama wepaly, ak ýürekden birkemsiz gulluk eden söweşjeň we gumanitar taýýarlygynda tapawutlanan göreldeli çagyryş boýunça harby gullukçylara sowgatlaryň we hormat hatlary gowşyryldy. Ýygnagyň ahyry Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýüniň hem-de göreldeli harby orkestrynyň aýdym-saz toparlarynyň dabaraly konserti bilen utgaşyp gitdi.