logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Agriculture /Güýzlük däne ekilen meýdanlara  ideg etmek işleri dowam edýär
  07.12.2022
874
Güýzlük däne ekilen meýdanlara  ideg etmek işleri dowam edýär

Güýzlük däne ekilen meýdanlara ideg etmek işleri Ak bugdaý etrabynda agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda alnyp barylýar. Şu günler etrabyň ekerançylyk meýdanlarynda maýsalaryň kadaly boý alyp, bol hasyla beslenmegi ugrunda mynasyp tagallalar edilýär.

Maýsalary mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, tagt we gögeriş suwlaryny tutmak, haşal otlara garşy göreşmek ýaly möhüm işlere jogapkärli çemeleşilýär. Bu ugurdaky çäreler etrabyň S.A.Nyýazow adyndaky daýhan birleşiginde, «Ak üzüm», «Üzümli toprak» daýhan hojalyklarynda has-da guramaçylykly ýola goýlupdyr. Şeýle bolansoň, agzalan hojalyklaryň ekin meýdanlaryna özboluşly görk we ýaraşyk berýän maýsalar göwnüňi göterýär. Etrabymyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bolsa, oba zähmetkeşleriniň arasynda bolup, meýdan işlerini göwnejaý alyp barmak babatda olaryň armasyny ýetirip durýarlar.