Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Awaza 2025: "Geosyýasy dialog, täzeçil garaýyşlar" ✦ ✦ Awaza 2025: "Raýat Jemgyýeti" Forumy ✦ ✦ Awaza 2025: "Ugurdaş Çäreler" ✦ ✦ “Sagdyn nesil — arassa ekologiýa” atly medeni çäre geçirildi ✦ ✦ Aşgabatda metbugat sowatlylygy boýunça okuw çäresi geçirildi ✦ ✦ Awaza 2025: Ýokary derejeli forumlar ✦ ✦ Türkmen Programmisti ABŞ-da Baş Baýragynyň eýesi boldy ✦ ✦ ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezinde metbugat sowatlylygy boýunça okuw çäresi geçirildi. ✦ ✦ LLDC3 программа способствует получению необходимой информации ✦ ✦ LLDC3 programmasy zerur maglumatlara ýardam berer ✦
Baş sahypa / Medeniýet /Gymmatly eserleri – pähim-paýhas ummany
  13.06.2023
1164
Gymmatly eserleri – pähim-paýhas ummany

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň sarpasy belentde tutulýar. Beýik akyldaryň pähim-paýhasa ýugrulan döredijiligi, gymmatly eserleri dünýä medeniýetiniň gymmatly hazynasydyr. Türkmenistan ýurdumyzda Magtymguly Pyragynyň ömrüne we döredijiligine bagyşlanan aýdym-sazly, edebi-çeper döredijilik duşuşyklary, ylmy-amaly maslahatlar yzygiderli guralmak bilen, olar işjeň häsiýete eýe bolýar. Gündogaryň akyldary, dana Magtymguly Pyragynyň mertebesiniň şeýle belentden tutulmagy köňülleri galkyndyrýar. Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny uludan baýram etmek maksady giň gerimli çäreler ýaýbaňlandyrylýar, oňa uludan taýýarlyk görülýär. Şeýle hem sanly tehnologiýalar arkaly şahyra degişli ähli maglumatlary özünde jemleýän ilkinji «Magtymguly Pyragy ensiklopediýasyny» döretmek, sanly we neşir görnüşindäki «Magtymguly Pyragy diwanyny» taýýarlamak üçin degişli işler geçirilýär. Beýik türkmen şahyrynyň ölmez-ýitmez döredijiligini, çuňňur many-mazmuna ýugrulan şygyrlaryny dünýäniň dürli dillerine terjime etmek babatda hem netijeli çäreler görülýär. Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynyň ýygyndysy eýýäm dünýäniň köp dillerine, şol sanda türk, rus, iňlis, azerbaýjan, arap, ermeni, belarus, gazak, özbek, täjik, gruzin, ukrain, hytaý, ýapon, rumyn we beýleki dillere terjime edildi.

Dana Pyragynyň ynsanperwerligi, halallygy, agzybirligi ündeýän eserleri ähli adamzat üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr. Dana akyldaryň edebi mirasynyň ähmiýetli tarapy onuň döredijiliginiň halk pähimleri we halk döredijiligi bilen bitewi sazlaşygydyr. Şahyryň ençeme goşgulary nakyllara we atalar sözlerine öwrülip gidipdir. Şahyryň döredijiligi many-mazmun taýdan örän çuň, ol akyl-paýhas ummanydyr. Şahyr türkmene asylly terbiýäniň mahsusdygyny aýtmak bilen, ýaş nesillerimiziň öz pederleri ýaly mert, ar-namysly, watansöýüji bolmaklaryny isläpdir. Magtymgulynyň şygyrlarynda watançylyk, mertlik, gaýduwsyzlyk, wepalylyk, ynsan mertebesini belende götermek ýaly asylly häsiýetler giňden beýan edilýär. Magtymgulynyň edebi mirasynyň nesil terbiýesindäki terbiýeçilik ähmiýeti örän uly bolup hyzmat edýär. 

 

Firuza DOSÇANOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň 
Agronomçylyk fakultetiniň talyby.