logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Health /GYMMATLY GOLLANMA
  16.03.2024
591
GYMMATLY GOLLANMA

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bedew bady bilen öňe barýan Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Watanymyzda her bir ynsanyň saglygy barada uly aladalar edilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli ensiklopediki kitaby hem ýurdumyzda zähmet çekýän medisina işgärleri üçin gymmatly gollanma hasaplanylýar. Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitabynyň häzirki güne çenli 15 jildi çap edilip, bu kitaplarda diýarymyzyň dürli künjeklerinde ösüp ýetişýän dermanlyk häsiýetleri bolan endemiki ösümlikleriň birnäçesi ýazgy edilendir.  

 

Medisina işgärleriniň ýan kitabyna öwrülen bu ensiklopediki kitapda ýurdumyzyň daglyk, çöllük, düzlük we kenarýaka ýerlerinde ösüp ýetişýän ösümlikler barada giňişleýin durlup geçilendir. Kitaplarda ösümlik görnüşleriniň ýaýran ýerleri, biologiki we botaniki aýratynlyklary, ekologiki şertlere bolan talaplary, himiki düzümi, dermanlyk häsiýetleri, derman serişdeleriniň taýýarlanylyşy we niýetlenilen maksadyna laýyklykda ulanylyşy barada jikme-jik beýan edilýär. Mundan başga-da Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitabynyň  ähli jiltleri gözel türkmen tebigatyndan söz açýan owadan suratlar bilen bezelendir. 

 

Dogrudan hem, dürli keselleri bejermekde, keselleriň öňüni almakda ösümliklerden taýýarlanylýan derman serişdeleri has ähmiýetlidir. Täsinliklere baý bolan türkmen tebigatynyň özboluşly ösümlikleriniň ynsan saglygyny bejermekdäki ähmiýeti indi tutuş ýer ýüzüne mälimdir. Çünki Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitabynyň birnäçe jiltleri dürli dillere terjime edilip, ürç edilip okalýar. 

 

Ýurdumyzda ynsan saglygyny milletiň esasy baýlygy hasaplap, bu ugurda birnäçe işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, tutýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin! 

 

Aýna KIÇIÝEWA,

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň
Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň
Lukmançylyk fizikasy we informatikasy
kafedrasynyň mugallymy.