Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Samarkantda medeni çäreler geçirildi ✦ ✦ Kiberhowpsuzlyk - maglumat goraglylygyň binýady ✦ ✦ II Halkara matematika olimpiadasy dowam edýär ✦ ✦ ÝHHG-niň 50 ýyllygyna hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli forum ✦ ✦ Türkmenistan Kazanda geçiriljek “KazanForum” we “Halal Expo 2025”- e gatnaşar ✦ ✦ Ýurdumyzda II Halkara matematika olimpiadasy başlandy ✦ ✦ «AtaMekan» Terjime Merkezi: Mekdep okuwçylary we talyplar üçin ýeňillikler! ✦ ✦ "Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi" bäsleşiginiň ikinji tapgyry geçirildi ✦ ✦ Katolik dünýäsiniň ruhy lideri aradan çykdy ✦ ✦ Paýtagtymyzda sportuň milli we alyş göreşi boýunça halkara ýaryş geçiriler ✦
Baş sahypa / Medeniýet /Gymmatly hazynanyň bir ülüşi – yrymlar
  13.03.2023
1082
Gymmatly hazynanyň bir ülüşi – yrymlar

Dana, pähim-paýhasly pederlerimizden miras galan, gymmatyny hiç bir zada deňäp bolmajak, aňyrsy-bärsi görünmeýän ummany ýatladýan genji hazynanyň, halk eserleriň arasynda «Iň gadymy döwürlerde döräni» diýlip çaklanylýany hem halk ynançlarynyň esasynda dörän yrymlardyr. Türkmenistan ýurdumyz Garaşsyzlygyna eýe bolmazyndan ozal halky eserleriň içinde «Bagty açylmadyk» görnüşlerinden biri hem yrymlar we ynançlardyr. Gözellikleri we ajaýyplyklary döretmegiň her bir döwürde-de ussatlyk bilen hötdesinden gelen türkmen halkymyz ümmülmez ruhy baýlygyň eýesi bolan pähim-paýhasly ruhy gymmatlyklary aýratyn hem yrym-ynançlary öwrenip olaryň terbiýe meselesinde-de uly ähmiýete eýedigine düşünip ýetdi.

Tebigy hadysalardan gorkmak her hili ynançlaryň döremegine sebäp bolupdyr. Ynançlar hem dürli yrymlaryň döremegine getiripdir. Aslyýetinde yrymlaryň örän köp sanlysy adamzadyň haýsydyr bir ynanjynyň esasynda döräpdir. Adamzat ýaşaýşynyň has irki döwürlerinde adamlar köpçülikleýin ýaşap ýören heňňamlarynda awa giden wagtlary «aw ganly bolsun» diýip ok-ýaýdyr tüpeňlerini gazanyň içine salyp aýlapdyrlar we awynyň şowly boljagyna ynanypdyr.

Asman jisimlerinden gorkmak netijesinde hem bir topar yrymlar döräpdir. Irki döwürlerde adamlar ir bilen turup Güne salam beripdirler. Aýy, Güni janly zat hasaplapdyrlar. Aýa, Güne ösümliklere, suwa salam bermeklik, olar bilen sözleşmeklik, olara janly zatlar hökmünde seretmeklik yrymlar görnüşinde biziň günlerimize gelip ýetipdir. Yrymlardyr ynançlar halkyň aňynyň, paýhasynyň önümidir, «Ýedi ölçelip bir kesilip biziň döwrümize» ýetip gelen ruhy baýlyklarymyzdyr.

Dürli wagtlarda dörän yrymlaryň many mazmunlary hem dürli-dürlidir. Olar sanawaçlar, bendiler görnüşinde hem biziň günlerimize gelip ýetipdirler. Şygyr görnüşine salnyp, gitdigiçe çeperleşip, agyzdan-agza, dilden-dile geçip biziň döwürlerimize gelip ýeten sanawaç setirleri hem halk hakydasynda şu günlere ýetipdirler.             

Yrymlaryň örüsi örän giňdir, ol durmuşyň ähli babatlarynda döredilen yrymlar sanardan kändir. Ol yrym-ynançlar adamzatda pähim paýhaslylyk, parasatlylyk, ynsaplylyk, ynsansöýüjilik, mukaddeslik, päklik jomartlyk ýaly ajaýyp häsiýetleri terbiýeläp, ýaramaz gylyk häsiýetlerden daşlaşmaga kömek berýär. Gowy häsiýetleri özüňde jemlemäge ymtylyş döredýär, her bir adamda adamkärçilik sypatlaryny ösdürýär. 

 

Gülmira OMARKULYÝEWA,

S.A.Nyýazow adyndaky 
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 
Türkmenabat agrosenagat orta hünär 
okuw mekdebiniň talyby.