logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Sports /Gyrgyz Respublikasynda tamamlanan sambo boýunça Dünýä kubogy türkmen türgenleri üçin düşümli boldy
  26.08.2023
809
Gyrgyz Respublikasynda tamamlanan sambo boýunça Dünýä kubogy türkmen türgenleri üçin düşümli boldy

Gyrgyz Respublikasynyň Çolpan-Ata şäherinde  tamamlanan sambo boýunça Dünýä kubogy türkmen türgenleri üçin diýseň düşümli boldy.

 


    Türkmenistanyň Söweş sungaty milli federasiýasynyň türgeni Parahat Bäşimow sambo boýunça 88 kilograma çenli agram derejesindäki tutluşyklara goşuldy. Ol üç tutluşyk geçirdi. Çärýekfinalda gyrgyzystanly Faruh Mamajanowdan 2:0 hasabynda üstün çykan ildeşimiz ýarymfinalda özbek türgeninden — Elýor Hojimamatowy uly hasap (8:0) bilen ýeňdi. Aýgytlaýjy duşuşykda Halkara Sambo federasiýasynyň baýdagynyň astynda (FIAS-1) çykyş eden russiýaly Şamil Gajiýewden asgyn gelen türkmen türgeni kümüş medal gazandy.