logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / In the world /Gyrmyzy syýahatçylyk otlusy: Bernina Express
  11.03.2024
499
Gyrmyzy syýahatçylyk otlusy: Bernina Express

“Bernina Express” dünýädäki iň meşhur otlularyň biridir. Bu ugur Şweýsariýanyň Çur şäherinden Italiýanyň Tirano şäherine çenli uzalyp gidýär we Şweýsariýanyň Engadin Alp daglaryndan geçýär. Umumy sarp edilýän wagt, gidiş 4 sagat, gaýdyş hem 4 sagatdyr.

 

ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna giren we 122 km demirýolda ýerleşýän otly, 196 köprüden we 55 tunelden geçip, beýikliklerden, köllerden, buzluklardan ajaýyp agaçlaryň we garly daglaryň arasyndan mawy asmanyň aşagynda öňe tarap hereket edýär.

 

1898-1904-nji ýyllar aralygynda gurlan demir ýol haýran galdyryjy görnüşe eýe. Otly Alp daglarynyň özboluşly görnüşinde 2253 metr beýiklige çykyp, soňra Italiýa tarap aşak düşýär. Bu ýol dünýäniň iň dik demir ýoly hasaplanýar. Otly sagatda 45 km tizlik bilen syýahat edýär.

 

“Bernina Express” otlusynyň 2 sany möhüm aýratynlygy bar: biri haýran galdyryjy görnüşler, beýlekisi bolsa bu görnüşi örän özboluşly mawy asman bilen synlamak üçin panoramik penjireler. Bu otlynyň wagonlarynda ýeri öňünden bronlamak hökmany, munuň üçin pul tölemeli.

 

Artykgül ANNABERDIÝEWA,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.