logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Economics /Gyş aladalary rowaçlanýar
  22.02.2020
947
Gyş aladalary rowaçlanýar

        Şu günler Babadaýhan etrabyň ekerançylyk meýdanlarynda güzlük ak ekine ideg etmek, ýerleri ýaz ekişine taýarlamak, çäreleri işjeň dowam etdirilýär. Geçen güýzde etrabyň gallaçylary 28 müň 700 gektar meýdanda güýzlük bugdaýyň ekişini geçirip, köpçülikleýin gögerişi gazandylar. Şu günler bolsa ýaşyl maýsaly meýdanlara agrotehniki talaplara laýyklykda ideg etmek işleri alnyp barylýar. Ak ekini azot dökünleri bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak çäreleri üstünlikli alnyp barylýar. Şonuň bilen birlikde, howanyň açyk güneşli günlerinde bir we iki ülüşli haşal otlara garşy göreş çäreleri işjeň dowam etdirilýär. Bu agrotehniki çäreler ýaşajyk maýsalaryň kadaly ösüşine oňyn täsirini ýetirýär.

     Gyş paslynyň dowam edýän häzirki günlerinde ýerleri geljek ýylyň gowaça ekiş  möwsümine taýarlamak işjeň alnyp barylýar. Etrapda şüdügär sürümini alyp barmakda, ýerleri tekizlemek, oba hojalyk tehnikalaryny we azallaryny ekiş möwsümine irgözinden taýarlamakda işjeň tagallalar edilýär.Ýaz ekişi möwsüminiň taýýarlyk çäreleriniň etrabyň oba hojalygy bilen dahylly edara-kärhanalarynda alnyp barylşy aýratyn bellenilmäge mynasyp.