logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Nature /Gyş pasly bilen bagly paýhasly setirler
  22.12.2022
3700
Gyş pasly bilen bagly paýhasly setirler

Gyş arryk alma, ýaz – ýagyr.

Gyşyň hoşlugyna, ýabynyň ýuwaşlygyna ynanma.

Agşam nanyny az iý, gyş gamyny ýaz iý.

Tomusky ýarmanyň gyşa nepi deger.

Gyş bolmasa, guş bolmaz.

Bahyldan gyşyň güni garam dileme.

Gyş çykar, ýüzügaralyk kömre galar.

Ýalňyz bolsaň uruşdan gaç, ýuka bolsaň – gyşdan.

Gyş düýşüniň bary ýalan, ýaz düýşüniň – ýary.

Bir garga bilen gyş gelmez.

Gyş gelýär diýip odunyňy baýatma, ýagy gelýär diýip – unuňy.

Gyş gününiň höziri ot.

Gyş gamyny ýaz iý, ýaz bolmasa – güýz.

Ýylyň ýyldan, gyşyň gyşdan parhy ýok.

Gyşyň güni kyrk tüýsli, kyrkysy hem gylyksyz.

Garybyň gyşy uzyn, ýazy gysga.

Gyş geýjegiňi tomus taýýarla, tomus geýjegiňi – gyş.

Gyşyň güni bir tutam.

Çille gary – ýeriň gany.

Gyş gyzamyk gelmesin, tomus – mama.

Gyş ojagy dar bolar.

Gyşyň gary – ýaza däri.

Tomsuna saz çalan gyşyna gapy kakar.

Gyş suwy – gyzyl suwy. 

 

Toplan: Mawlýuda MAMEDOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.