Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Buýan ösümliginiň dermanlyk häsiýeti ✦ ✦ Gulbaba adyndaky çagalar baýragynyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi ✦ ✦ Ýurdumyzyň ösüş ýolunyň täze tapgyry ✦ ✦ «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ✦ ✦ «Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sany çapdan çykdy ✦ ✦ Gyz-gelinler — milli bitewüligiň we dowamlylygyň nyşany ✦ ✦ Energetika howpsuzlygy we sebit durnuklylygy ✦ ✦ Mary DES-i elektrik energiýasyny öndürmekde ýokary netijeleri gazandy ✦ ✦ Aktauda Hormatly Prezidentimiziň kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygaryna bagyşlanan dabaraly maslahat geçirildi ✦
Baş sahypa / Medeniýet /Gyz edebi
  03.05.2023
3089
Gyz edebi

Türkmen gyzy diýlende sypaýy, näzik, mähir dünýäsiniň eýesi göz öňüne gelýär. Gyz edebi ene-mamalarymyz üçin iň wajyp borç we jogapkärçilik hasaplanylýar. Hawa, Türkmen halkynyň gyz edebine, nesil terbiýesine garaýyşlary barada söz açylanda, ata-babalarymyzyň: «Gyz edebi - il edebi» diýen pähimi biygtyýar ýadyňa düşýär. Ýelden-günden gorap, kemala getiren perzendiňi diňe bir boý-syratyna däl, eýsem başarnygyna, at-abraýyna, edep-ekramyna guwanyp ýaşamak uly bagt.

Türkmen zenanlary Watana, öý-ojaga, söwer ýara bolan wepadarlygyň asyl nusgasyny  görkezipdirler. Ene-mamalarymyz öz gyzlaryna geljekki durmuşynda gerek boljak hünärler bolan biş-düş, tikin-çatyn, haly dokamak, keçe basmak, keşde çekmek, gaýma gaýamak ýaly işleriň inçe syrlaryny öwredipdirler. Enäniň her bir hereketini gyz maşgala öz häsiýetine geçirýär. Şonuň üçin hem könelerimiz eneleriň öz çagalaryna, onda-da gyz perzendine görelde mekdebi bolmalydygy barada parasatly sözleri aýdypdyrlar.

Gyz maşgala, onuň hereketleri hemmeleriň gözünde bolýar. Şonuň üçin hem ene-mamalarymyz gyzlara öwüt berende gürrüňdeşlikde, şatlanan, begenen wagty gülenlerinde, sesleriniň iki ädimden uzaga eşidilmezligini ündäpdirler. Gelin gyzlaryň edim-gylymyna, edep-terbiýesine kybapdaş gelýän, olaryň boý-syratyny bezeýän egin eşige, şaý-seplere özboluşlylygy bilen tapawutlanyp, dünýä halklarynyň arasynda milli medeniýetimize, mirasymyza  buýsanjymyzy artdyrýar. Şonuň üçin gelin – gyzlarymyzyň millilige görä geýinmekleri hem edep kadalarynyň biri hasaplanylýar.

Türkmen halkynyň gyza terbiýe berşi üýtgeşik. Gelin-gyzlarymyzda biziň halkymyza mahsus bolan asyllylygy, utanç-haýalylygy, päkizeligi, uly hormat, kiçä sarpa goýmagy terbiýelemek, hemişe bolşy ýaly, häzirki döwürde hem uly ähmiýete eýe bolup durýar.

Türkmen halky öz gelin-gyzlaryny dünýäde bar bolan ähli mukaddesliklere deňeýärler. Şu nukdaýnazardan hem olara uly hormat goýulýar. Türkmen maşgalasynda çaga terbiýesi,  gelin-gyzlaryň edep-ekramlylygy, sözleýiş medeniýeti barada, ýaş nesilleriň medeniýetini, aň-düşünjesini kämilleşdirmekde kitaplaryň hem-de kitaphanalaryň tutýan orny uludygy bellenilip geçilýär. 

 

Dünýä ÝAZMEDOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby