Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ II Halkara matematika olimpiadasy dowam edýär ✦ ✦ ÝHHG-niň 50 ýyllygyna hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli forum ✦ ✦ Türkmenistan Kazanda geçiriljek “KazanForum” we “Halal Expo 2025”- e gatnaşar ✦ ✦ Ýurdumyzda II Halkara matematika olimpiadasy başlandy ✦ ✦ «AtaMekan» Terjime Merkezi: Mekdep okuwçylary we talyplar üçin ýeňillikler! ✦ ✦ "Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi" bäsleşiginiň ikinji tapgyry geçirildi ✦ ✦ Katolik dünýäsiniň ruhy lideri aradan çykdy ✦ ✦ Paýtagtymyzda sportuň milli we alyş göreşi boýunça halkara ýaryş geçiriler ✦ ✦ Türkmenistan “TEIF 2025” forumynda maýa goýum mümkinçiliklerini tanyşdyrar ✦ ✦ Kiýewde Magtymguly muzeýiniň 50 ýyllygy dabaraly ýagdaýda bellenildi ✦
Baş sahypa / Şygryýet /Gyz edebi – il edebi
  04.04.2023
1210
Gyz edebi – il edebi

Gyz alsaň – kynykdan, at alsaň – ýüwrükden.

*  *  *

Gyzbar – nep getir, gyz bar – gep.

*  *  *

Gyzyň ysy – gülüň ysy.

*  *  *

Gyz çaganyň altysy, är oglanyň ýarpysy.

*  *  *

Gyzly öýe kyrk at baglanar.

*  *  *

Gyzly öýe rehnet ýagar.

*  *  *

Gyz eneden görüm görmese, öwüt almaz.

*  *  *

Gyzy baryň näzi bar, ogly baryň – döwleti.

*  *  *

Gyz göwni ýüplükdir – boýalyp ýüpek bolmaz.

*  *  *

Gyz gylygyndan söýdürer.

*  *  *

Gyz syryny hossary biler.

*  *  *

Gyz ýetişip gyraga gider, ogul ýetişip – yraga.

*  *  *

Gyza altyn tagt dileme, barmak boýda bagt dile.

*  *  *

Gyza erk berilse ýa dowulça barar, ýa surnaýça.

*  *  *

Gyzly gapy dynuw bilmez.

*  *  *

Gyzly gyzyldan doýmaz.

*  *  *

Gyzly gyzyla gyzar.

*  *  *

Gyzly öý – gyzyldan halka.

*  *  *

Gyzlygym – soltanlygym, gelinligim – zyndanlygym.

*  *  *

Gyzy saklap bilmeseň güň bolar, ýüpegi saklap bilmeseň – ýüň.

*  *  *

Gyzym – gyzylly halkam.

*  *  *

Gyzyl ýüzli ýigidiň gyz uýasy bolmasyn,
Gyz uýasy bolsa-da, gyzyl ýüzi solmasyn.

*  *  *

Gyzyla gaplasaň hem, gyz atasy öýünde galmaz.

*  *  *

Gyzym öýde, gylygy daşarda.

*  *  *

Gyzym saňa aýdaýyn, gelnim, sen eşit.

*  *  *

Gyzymy çykaryşan, gyzylymy ýaşyryşan.

*  *  *

Gyzyň boýy ýetdi, çawy gitdi.

*  *  *

Gyzyň görki ýedi ýetmeziniň üstüni ýapar.

*  *  *

Gyzyň gözelligi göz bile gaşda, ýigidiň gözelligi akylda-huşda.

*  *  *

Gyzyň özi çuwalda, sepi – sandykda.

*  *  *

Gyz güldi, men güldüm – ýüreginiň syryn bildim.

*  *  *

Gyz – gylygy bilen, ogul – edebi bilen. 

 

Toplan: Gülüstan MÄTNIÝAZOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň 3-nji ýyl talyby.