logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Sports /Gyzykly geçen ýaryş
  26.12.2020
878
Gyzykly geçen ýaryş

Ýurdumyzda ýaşlaryň arasynda bedenterbiýäniň we sportuň, sagdyn durmuş ýörelgesiniň ähmiýetini wagyz etmeklik, ýaşlaryň berk bedenli bolmagynyň esasy maksatlarynyň biridir. Ýaşlary sporta çekmekde, ýaş nesliň sagdyn, berk bedenli, ylymly-bilimli bolup ýetişmeginde düýpli özgerişliklere badalga berildi. Ýaş nesliň sport bilen meşgullanmagy bolsa, ukyp-başarnygynyň kämilleşmeginde hem-de berk bedenli ýaşlar bolup ýetişmeklerine uly ähmiýet berýär. Ahal welaýatynyň Sarahs etrap Sport we Ýaşlar syýasaty bölüminiň hem-de TMÝG-niň  Sarahs etrap Geňeşiniň bilelikde gurnamagynda sportuň woleýbol görnüşi boýunça ýaryş geçirildi. Etrabyň ýaşlaryndan düzlen toparlaryň arasynda bolan ýaryş diýseň çekeleşikli häsiýete eýe boldy. Esasan “Bathyz”, “Ahal”, “Berkarar” woleýbol toparlarynyň arasyndaky duşuşyklar dartgynly bilen tapawutlandy. Gyzykly geçen duşuşykda “Ahal” toparynyň ýolbaşçylary garşydaşlardan üstün çykyp, baýrakly ornuň eýesi boldular. Ýaryşyň 2-nji, 3-nji baýrakly orunlary bolsa “Bathyz”, “Berkarar” woleýbol toparlarynyň oýunçylary eýeldi.