logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Economics /Gyzylarbat çeper halyçylyk kärhanasynda geçen ýylky meýilnama 120 göterim amal edildi
  05.01.2023
1244
Gyzylarbat çeper halyçylyk kärhanasynda geçen ýylky meýilnama 120 göterim amal edildi

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Gyzylarbat çeper halyçylyk kärhanasynyň öz işine ussat gelin-gyzlary «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylyny ajaýyp zähmet üstünliklerine besläp, öwgä mynasyp iş bitirdiler. Olaryň geçen ýylda dokan dürli ölçegdäki haly önümleriniň umumy meýdany 2 müň 726 inedördül metre barabar bolup, meýilnama 120 göterim amal edildi. Hasabat döwründe bu öňdebaryjy kärhanada pul hasabynda bitirilen işleriň möçberi bolsa 5 million 184 müň manatlykdan hem geçdi. Netijede, bu görkeziji boýunça bellenilen tabşyryk 828 müň manatlyga golaý artyk ýerine ýetirildi.

Bu ýerde işleýän halyçylaryň ýaryna barabary ýaş gelin-gyzlardyr. Olar «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilen 2023-nji ýyly hem ýokary önümçilik görkezijilerine beslemegi maksat edinýärler.