logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Science and Education /Hakyky zehin iki daşyň arasynda galsa-da syzylyp çykar
  28.03.2021
2270
Hakyky zehin iki daşyň arasynda galsa-da syzylyp çykar

      Ýurdumyzda ylym-bilim özgertmelerine laýyklykda, tebigy we takyk ylmy ugurly okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilýän bäsleşikleriň esasy maksady ýaş nesillerň öwrenýän derslerini gyzyklanmasyny ýokarlandyrmakdan ybaratdyr. Bu ugurda mekdep okuwçylaryny yzygiderli höweslendirmek, tebigy ukyp-başarnyklaryny ösdürmekden ybarat bolup durýar.

     05.03-06.2021-nji ýylda Tejen etrabynyň mekdep okuwçylarynyň arasynda “Altyn asyryň altyn zehinlileri” atly bäsleşiginiň welaýat tapgyry geçirilip, oňa etrap derejesinde ýeňiji bolan dürli derslere höwesjeň okuwçy-ýaşlaryň 62 sanysy diýseň uly höwes bilen gatnaşdylar. Olar dersleriň 10 görnüşi boýunça zehinlerini synadylar. Netijede olaryň 7 sanysy baýrakly orunlara mynasyp boldular. Bäsleşikde etrabyň 3-nji, 5-nji, 6-njy, 12-nji we 23-nji orta mekdepleriniň okuwçylary özleriniň ýiti zehinleri bilen has hem tapawutlandylar.

         Bäsleşigiň netijeleri boýunça ýeňiji bolan mekdep okuwçylar döwlet derejesinde geçirilýän bäsleşige gatnaşnamaga hukuk gazandylar. Ýeňijilere Ahal welaýat Baş bilim müdirligi tarapyndan ýörite hormat hatlary gowşuryldy.